Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça çempionatynyň bäşinji tapgyry geçirildi

16:2108.05.2015
0
1230

7-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginiň sport desgasynda futzal boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynyň bäşinji tapgyry geçirildi.  

Bu ýaryşda jemi 10 topar çykyş edýär.

Ýaryşyň 5-nji tapgyryndaky duşuşyklaryň netijeleri.

“Deňizçi” — “Daýanç” — 7:3, “Talyp sport” — “Daşgala” — 0:0, “Bagtyýarlyk” — “Gümrükçi” — 3:10, “Senagatbank” — “Migrasiýa” — 2:8, “Daýhanbank” — “Wepaly” — 1:2.

6-njy tapgyryň duşuşyklary 14-nji maýda “Daýanç” — “Wepaly”, “Gümrükçi” — “Daýhanbank”, “Migrasiýa” — “Talyp sport” toparlary duşuşar. Soňra duşuşyklar 17-nji aprelde dowam edip onda “Senagatbank” — “Daşgala”, “Deňizçi” — “Bagtyýarlyk” duşuşar.

Aşgabat şäheriniň futzal boýunça çempionaty iýun aýyna çenli dowam eder. Ýaryş tablisasynda öňdäki üç orny eýelän toparlar Türkmenistanyň futzal boýunça çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. 

Iň köp pökgi geçiren:

Ataýew Watan “Daýanç” — 9.

Duşuşykdan taýýarlanan fotoreportažymyzy sypdyrman!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň