Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Elbrusyň belentligine Türkmenistanyň Baýdagy galdyryldy

06:5308.05.2015
0
11580

Türkmen alpinistleri Russiýanyň we Ýewropanyň iň ýokary nokady bolan Elbrusa (5642 m) tizlikli çykmak festiwalyna gatnaşdylar. Ol Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlandy. Biziň türgenlerimiz şanly sene mynasybetli Elbrusyň belentligine Türkmenistanyň Baýdagyny galdyrdylar.

Her ýylyň maýynyň başynda Elbrusyň eňňitlerinde Red Fox Elbrus Race festiwalyna badalga berlip, onuň çäklerinde halkara ýaryşlarynyň birnäçesi geçirilýär. Ýeňiş baýramyna bagyşlanan bu gezekki festiwala türkmen türgenleriniň ikisi gatnaşdy. Olar: “Agama” alpinistler klubunyň agzasy tejribeli Alekper Ahmedow bilen Balkanabadyň “Mert” alpinistler klubunyň başlygy Begenç Mämmedowdyr.

“Dikligine kilometr” ylgawy birinji tapgyr bolup, oňa köp ýurtlardan 300-den gowrak türgen gatnaşdy. Bellenilen ýol ugry deňiz derejesinden 2450 metrden 3450 metre çenli belentlikde geçdi. Alekper aralygy bir sagat bir minutda geçdi we geçen ýylky netijesini gowulandyrdy. Begenç ondan 9 minut yza galdy. Bu netijeler türgenlerimize festiwalyň esasy wakasyna — Elbrusyň belentligine tizlikli çykmak ýaryşyna gatnaşmaga hukuk berdi.

Tas iki kilometer uzaýan ýeňil bolmadyk belentli-pesli ýoly üstünlikli geçip, Alekper Ahmedow 73 türgeniň arasynda hormatly altynjy orny eýeledi. Şeýle kynçylykly aralygy doly geçmegiň özi-de üstünlik hasaplanýar. Onuň görkezen netijesi 3 sagat 31 minuta deň boldy. Netijede edil “Dikligine kilometrdäki” ýaly geçen ýylky netije gowulandy, diýmek, ösüş — mesaňa-mälim.

Howa, milli Baýdagymyz nobatdaky belentlige galdyryldy, Türkmenistanyň alpinistleriniň gazanan üstünlikleriniň sanawy ýene baýlaşdy. Bu şatlykly wakanyň Beýik Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasynda bolup geçmegi bolsa buýsanjyňy goşalandyrýar.          

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň