“Niklaus Dizaýn” Türkmenistanda sportuň belli görnüşi bolan golfy ösdürmäge gönükdirilen işleri alyp barýar

0
583
2
0

7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan—ABŞ” Işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty we Amerikanyň belli “Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň baştutany Jek Niklausy kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryna ýokary baha berip,  dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we kämil tehnologiýalaryny işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýetini doly döwrebaplaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistanyň türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini we ýurdumyzyň uzakmöhletleýin, özara bähbitli  esasda ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.  

Köpýyllyk gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda türkmen-amerikan Işewür geňeşiniň alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Onuň goldaw bermegi netijesinde işewür duşuşyklary, maslahatlar, ABŞ-nyň belli kompaniýalarynyň önümleriniň sergileri we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän köpsanly bilelikdäki çäreler yzygiderli guralýar. Işewür geňeşiniň düzüminiň yzygiderli täzelenýändigi, onuň üstüniň täze agzalar bilen ýetirilýändigi amerikan tarapynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutany we myhmanlar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki köpýyllyk işleriň toplanan oňyn tejribesiniň täze bähbitli taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna, şol sanda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri  hasaplanýan sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi  bellenildi. “2011—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de goldamak baradaky milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda häzirki döwürde ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän iri sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, aýlawlar, awtodromlar, köpugurly stadionlar gurulýar. Olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça giň möçberli ýaryşlary guramak üçin ähli şertler döredilýär.

Jek Niklaus dünýäniň sport giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýan türkmen türgenleriniň gazanýan netijelerini uly şatlyk bilen belläp, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny  geçirmek hukugyna Orta Aziýa döwletleriniň hatarynda ilkinji eýe bolan Türkmenistanda guramak hakyndaky çözgüdiniň ýurdumyzyň halkara abraýynyň ykrarnamasydygyny nygtady.

“Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda golf ýaly sportuň belli görnüşiniň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýdyp, kompaniýanyň milletiň Lideriniň ozal aýdan tekliplerini we belliklerini nazara almak bilen, alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Biz bu ulgamda gazanan baý tejribämiziň  kömegi bilen iň gowy we ýokary hilli golf meýdançasyny gurarys hem-de onuň gurluşygyny Aziada-2017-diniň başlanjak pursadyna çenli tamamlarys — diýip,  Jek Niklaus aýtdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru