“MTS — Türkmenistandan” frontçy dostuma jaň

0
753
3
0

Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli “MTS — Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna we uruşdan dolanmadyk gerçekleriň ojagyny saklap oturan enelere “frontçy dostuma hat” hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär. Bu hyzmat arkaly öz polkdaşlaryňa, söweşdeş ýoldaşlaryňa, garyndaşlaryňa, dostlaryňa jaň edip, olary bu baýram bilen gutlap bolar.

“MTS — Türkmenistan” hojalyk jemgyýeti hemmämiziň eziz görýän weteranlarymyzy Beýik Ýeňiş bilen gutlamak üçin aýratyn ýadygärlik sowgatlary taýýarlady. Kompaniýanyň işgärleri weteranlara eýýäm “frontçy dostuma jaň” hyzmaty çatylan “Sosial” tarifli öýjükli telefon gowşurarlar.

Baýramçylyk çäresiniň çäklerinde 9-njy maýda MTS-iň Aşgabatdaky edara jaýlarynda fotosergi geçiriler. 10—16-njy maý aralygynda bolsa paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna “Aşgabat” kinomerkezinde garaşýar. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guraýan bu kinofestiwalynda uruş we Beýik Ýeňiş baradaky filmler görkeziler.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru