Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

06:5807.05.2015
0
3067

6-njy maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GHweGÝJHF) Baş sekretary jenap Elhaj As Sini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň öz wezipesini täze taryhy döwürde ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşmak bilen ýerine ýetirýändigi bellenildi. TGÝMJ öz işiniň esasy wezipesini oňyn özgertmeleriň we umumymilli ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagynda görýär. Olar türkmen jemgyýetinde ynsanperwer ýörelgeleriň berkidilmegine, ilatyň bähbitleriniň hemmetaraplaýyn goralmagyna, maşgala gymmatlygynyň derejesiniň berkidilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, jenap Elhaj As Si döwlet Baştutanyna Türkmenistan—GHweGÝJHF hyzmatdaşlygynyň çäklerinde taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Türkmenistanda hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň arasyndaky Ylalaşygyň möhümdigini” belledi. Bu resminama degişli guramanyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparynyň barşynda gol çekmek göz öňünde tutulýar. Ol netijeli gatnaşyklar üçin hukuk binýady bolup hyzmat eder.

Ilata tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar bilen bagly bolan kömegi bermek GHweGÝJHF-nyň esasy wezipesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen edarany — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtady.

Döwlet Baştutany üstümizdäki ýylyň ýurdumyz üçin BMG-niň Bas Assambleýasynyň ýörite karary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigini aýdyp, myhmany bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş sekretary türkmen Lideriniň başlangyçlaryny we tekliplerini, şeýle hem Türkmenistana  berlen Bitaraplyk derejesini dünýäniň ähli ýurtlary bilen birlikde özleriniň hem doly goldaýandyklaryny nygtap, şu ýylyň dekabrynda belleniljek ýurdumyzyň Bitaraplygynyň  20 ýyllygy, şeýle hem ilkinji “TürkmenÄlem 520E” milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Milletiň Lideriniň ýöredýän syýasatynda ynsanperwerlik ýörelgelerine üns bermek bilen, myhman Türkmenistanyň başlangyçlary dünýäniň halklarynyň we tutuş adamzadyň durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, adamlaryň tebigy betbagtçylyklar barada öňünden habarly bolmaklary, şeýle hem sebitde degişli düzümi döretmek, gurmak we ösdürmek, adamlaryň biri-biri bilen ýakyndan gatnaşmaklary üçin şert döretmek, olara dürli goldawlary bermegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi Türkmen döwletiniň alyp barýan syýasatynda hem-de GHweGÝJHF-niň maksatlarynda  öz beýanyny tapýar.

Şu günki duşuşygyň möhümdigi barada aýtmak bilen jenap Elhaj As Si   Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy türkmen Lideriniň GHweGÝJHF-niň işine berýän goldawyna ýokary baha berýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Merkezi Aziýanyň we Gündogar Ýewropanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Gyzyl Hajyň  we Gyzyl Ýarymaýyň meýilleşdirilen Sebit derejesindäki duşuşygynyň gün tertibinde beýleki döwletlere ynsanperwerlik kömegini bermek, sebitde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ösdürmek boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek babatda bilelikdäki meýilnamalara garalar diýip habar berdi.

Türkmenistanda adamyň saglygy üçin howply keselleriň, şol sanda poliomiýelitiň ýokdugy, zähmet we dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy, adamyň ömrüniň dowamlylygynyň artmagy hakynda halkara sertifikatlarynyň gowşurylmagy—bularyň hemmesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň