Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygyny kabul etdi

06:4007.05.2015
0
2455

6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçegi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň türkmen Liderine iberen mähirli salamlaryny hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türk parlamentiniň ýolbaşçysy Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüşinde uly üstünlikleri  hem-de dünýä bileleşiginiň giňden ykrar etmegini gazanan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändiklerini  aýratyn nygtady. 

Milletiň Lideri Beýik Milli Mejlisiň Başlygyny mübärekläp, öz gezeginde dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň we ösdürilmeginiň türkmen döwleti üçin strategiki häsiýetli uzakmöhletleýin wezipe bolup durýandygyny belledi.

Milletiň Lideri yzygiderli ösdürilýän döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň netijeliligini belläp, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de bu işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, geçen hepdede Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda energetika meselelerine bagyşlanyp geçirilen dörttaraplaýyn duşuşyga ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň türkmen tebigy gazyny dost-doganlyk Türkiýe Respublikasyna ýetirmäge gyzyklanma bildirýändigini  belledi.

Şu ýyl Türkmenistanyň şöhratly baýramçylygy—halkara jemgyýetçiligi tarapyndan biziň ýurdumyzyň ykrar edilen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belläp geçýändigini nygtap, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň başlygyny 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek halkara çäresine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alşyldy. Iki halkyň däp-dessurlarynyň meňzeşligine esaslanan türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berendigi nygtaldy.

Ýurdumyzda türkmen Bitaraplygynyň giňden bellenip geçilýän 20 ýyllygy babatda şu ýylyň ähmiýetini nygtap, Jemil Çiçek öz ýurdunda Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda alyp barýan syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi. Biz bu oňyn ugruň ösmeginiň, kämilleşmeginiň, çuňlaşmagynyň we pugtalanmagynyň tarapdary bolmak bilen, Bitaraplyk syýasatynyň oňyn diplomatik strategiýa bolup, dünýä bileleşiginiň aýratyn hormatyna mynasypdygyna ynanýarys diýip, myhman nygtady.

Jemil Çiçek türk parlamentarileriniň türkmen kärdeşleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge uly isleg bildirýändigini aýdyp, bu ugurda özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunda Türkiýe Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlarynyň “Türkiýe-Türkmenistan” dostluk toparynyň işine aýratyn orun berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň