Türkmenistanda uruş weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri, urşuň yzynda galan eneleri dabaraly gutlaýarlar

0
884
2
0

Şu günler Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we etraplarynda Beýik ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirilip, uruş weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri, urşuň yzynda galan eneleri dabaraly ýagdaýda gutlaýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi we Zenanlar birleşigi “Toý mekanynda” dabaraly çäre geçirdiler. Bu ýerde uruş weteranlarynyň öňünde estrada, folklor, tans toparlary çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda Beýik Ýeňşe uly goşant goşan uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň gymmatbaha sowgatlary gowşuryldy.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru