Türkmenistan, Gazagystan we Eýran ýük daşamagyň bir bitewi nyrhlaryny girizerler

15:4306.05.2015
0
4854

Türkmenistan, Gazagystan we Eýran demir ýol ýüklerini daşamagyň bir bitewi nyrhlaryny girizmegi göz öňünde tutýarlar. Bu barada 6-njy maýda bolan metbugat maslahatynda “Kazahstan temir žoly” döwlet kärhanasynyň wise-prezidenti Roman Sklýar mälim etdi.

Onuň sözlerine gärä, “Gazagystan — Türkmenistan — Eýran” demir ýol ugry “Demirgazyk — Günorta” geçelgesiniň üstaşyr geçirijilik mümkinçiligini ösdürmek maksady bilen guraldy we häzirki wagtda eksport hem üstaşyr ýüklerini kabul etmäge taýýar.

“Geçen ýyl “Bolaşak — Serhetýaka” serhet geçelgesi boýunça ýükleriň 1,1 million tonnasy, şol sanda Gazagystandan 700 müň tonnasy, biziň ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ýükleriň bolsa 400 müň töweregi tonnasy daşaldy” — diýip, Roman Skalýar aýtdy we 2015-nji ýylda bu geçelge boýunça 4 million tonna ýük daşalmagyň göz öňünde tutulýandygy nygtaldy.

Şeýle hem “Kazahstan temir žoly” döwlet kärhanasynyň wise-prezidenti şu ýylyň apreliniň  başynda Gazagystanyň paýtagtynda Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatyň bolup geçendigini ýatlatdy.onuň barşynda taraplar bu ýurtlaryň arasynda ýük  daşamagyň möçberlerini artdyrmaga degişli meseleleri ara alypv maslahatlaşdylar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň