“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy Italiýa, Hytaýa, Gruziýa, Russiýa täze howa gatnawlaryny açmaga taýýarlanýar

0
1144
117
3

“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy Aşgabatdan Milana (Italiýa), Urumçä (Hytaý), Tbilisä (Gruziýa), Samara we Kazana (Russiýa) howa gatnawlaryny açmaga taýýarlanýar. Şonuň ýaly-da, Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinden  Stambula (Türkiýe) howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem deňizýaka Aktau (Gazagystan) şäherinden yzygiderli gatnawlary açmak meselesine garalýar.

In häzirki zaman tehnikalary ulanmagyň hasabyna “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy yzygiderli amala aşyrylýan halkara howa gatnawlarynyň örüsini giňeltdi. Netijede geçen ýylyň ahyryndan bäri “Boing — 737-800”-de Aşgabat — Pariž — Aşgabat aralygynda uçuşlar geçirilýär. Ankara (Türkiýe) we Riga (Latwiýa) yzygiderli howa gatnawlary ýola goýuldy. Köp orunly “Boing — 777-200LR”-de biziň awiasyýahatçylarymyzyň Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Beýik Britaniýa, Germaniýa, Russiýa we beýleki döwletlere howa gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Häzir bu gatnawlar türkmen paýtagtynda Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna amala aşyrylýan halkara gatnawlaryna birikdirildi. Munuň özi üstaşyr ýolagçylara goşmaça amatlyklary üpjün edýär.

Şunuň bilen birlikde “Türkmenistan” awiakärhanasy “Sibir” awiakompaniýasy bilen ýörite ylalaşyk baglaşdy. Oňa laýyklykda, türkmenistanlylara Baş howa gatnawy agentliginde bu awiakompaniýanyň howa gämileriniň Moskwanyň üstünden Russiýa Federasiýasynyň islendik şäherine amala aşyrýan gatnawlaryna petek almaga mümkinçilik döredi. Bu Nowosibirsk, Abakan, Anapa, Astrahan, Bratsk, Wladikawkaz, Wolgograd, Kemerowo, Krasnoýansk, Krasnodar, Ýekaterenburg, Kazan, Kemerowo, Minwody we beýleki şäherlerdir.

Mundan başga-da, indi ýurduň awiakassalaryndan Bakuwa (Azerbaýjan), Kişinýowa (Maldowa), Madride (Ispaniýa), Lissabona (Portugaliýa), Dýusseldorfa (Germaniýa) petekleri satyn alyp bolýar. Ýolagçy gatnadyjylar awiapetekler üçin tölegi “MasterCard”, “Visa”, “Altyn asyr” elektron kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde hem Kabul edip başladylar.

2015-nji ýylyň birinji ýarmynda agentlik awiapetekleri kompaniýanyň www.turkmenairlines.com. Korporatiw saýtynyň üsti bilen ýerlemegi hem meýilleşdirdi.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru