Soňky habarlar

Arhiw

Pekiniň “Jintaý” sungat muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň ýöriteleşdirilen kitap sergisi açyldy

07:4306.05.2015
0
3034

5-nji maýda Pekiniň “Jintaý” sungat muzeýinde “Kitap parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda” ady bilen ýöriteleşdirilen kitap sergisiniň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy, bu çäräni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna we 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatlyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli dürli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy gurady.

Sergä gelýänler Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugynyň eksponatlarynyň 300-si, şeýle hem ýaş zergärleriň özboluşly işleri bilen tanşyp bilerler. Milli konserwatoriýanyň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we HHR-de işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan ägirt uly üstünlikleri barada gürrüň berýän ýöriteleşdirilen kitap sergisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin düýnä meşhur eserleri, ajaýyp suratlar bilen bezelip neşir edilen halk dessanlary, türkmen we daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň nusgawy eserleri, sungat boýunça kitaplar, çagalar edebiýaty neşirleri görkezilýär.

—Bularyň ählisi Türkmenistanda kitaplary neşir etmek işiniň köptaraplydygyny açmaga mümkinçilik berýär, sergä gelip görýänler üçin  bolsa türkmen döwleti we onuň Lideri, biziň planetamyzda parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam edýän Bitaraplyk syýasaty, biz üçin dostlukly bolan ýurduň we gadymy halkyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän reformalary netijesinde gülläp ösüşi, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik alýarlar — diýip, Ählihytaý halk syýasy maslahat geňeşi komitetiniň hemişelik agzasy, professor Ýuan Sikun aýratyn belläp geçdi.

Şu gün sergi öz işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň