Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy bilen balanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

07:2506.05.2015
0
3920

5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda neşelere gözegçilik etmek babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gatnaşyjy ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri E.Abdyldaýewiň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Aslowyň, BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) ýerine ýetiriji direktory Ý.Fedotowyň, UNODC-yň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Aşit Mittalyň, ŞHG-niň terrorçylyga garşy göreş baradaky sebitleýin düzüminiň Ýerine ýetiriji komitetiniň baştutanynyň orunbasary N.Jigitekowyň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýanyň, şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan bilermenleriň we hünärmenleriň türkmen paýtagtyna gelmegi Aşgabat duşuşygynyň ýokary derejesini görkezilýär. Forumyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde sebitiň ýurtlarynyň ylalaşykly tagallalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi girizildi. Bu duşuşyk şu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça wezipeleri çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamak işinde nobatdaky möhüm ädim bolar. Munuň özi terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy bilelikde göreşmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga oňyn täsir eder.

Duşuşyga gatnaşýan daşary ýurtlularyň pikirine görä, neşelere garşy göreşmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça şeýle wekilçilikli forumyň geçirilýän ýeri hökmünde Aşgabadyň seçilip alynmagy Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygy hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we ählumumy ösüşiň, şol sanda häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň giňden ykrar edilmegi bilen şertlendirilendir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleýin edaralarynyň, şol sanda UNODC-yň ygtybarly strategiki hyzmatdaşy bolup durýar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek meseleleriniň Merkezi Aziýa sebiti üçin örän wajypdygyny nazara almak bilen, biziň ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär we degişli ýöriteleşdirilen düzümleriň işine işjeň gatnaşýar.

Hususan-da, Türkmenistan neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebit maglumat utgaşdyryjy merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam etmek baradaky Maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşeleriň ýaýramagynyň öňüni almak baradaky Maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda uly tejribe toplady. Türkmenistan şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge we serhetýaka gözegçiligini pugtalandyrmaga gönükdirilen hökümetara taslamalarynyň birnäçesine gatnaşýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda bütin dünýäde umumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde şu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtadylar. Forumda 2015—2019-njy ýyllarda BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň Sebitleýin maksatnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem Aşgabat duşuşygynyň netijeleri boýunça ministrler Jarnamasy kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň