Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň arasynda gepleşikler geçirildi

0
579
1
0

4-nji maýda Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp we oňa Italiýa respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Matteo Rensi bu duşuşygyň döwletara gatnaşygyny ösdürmegiň taryhynda täze möhüm sahypany alamatlandyrýandygyny nygtady. Italiýanyň Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ymtylýandygy barada aýdyp, Premýer-ministr häzirki gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem-de oňa taraplaryň bähbitlerine we häzirki zamanyň ýagdaýlaryna gabat gelýän täze depgin bermäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru