Ýewropa Komissiýasy Türkmenistan bilen täze gaz geçirijisiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşyldy

0
515
2
0

Aşgabatda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ýewropa ugry boýunça köpugurly turbageçiriji düzümiň bilelikde döredilmegini göz öňünde tutýan gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ýangyç-energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de Ýewropa Komissiýasynyň energiýa serişdeleri boýunça wise-prezidenti Maroş Şewçowiç gatnaşdylar. Olar ýangyç-energiýa geçirijilerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Hazarýaka sebitinden Ýewropa ibermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem geleşikleri dowam etdirmäge, onuň barşynda tebigy gazyň Hazarýaka sebitinden Ýewropa iberilmegi, şol sanda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjek korporasiýany döretmek babatda ylalaşdylar.

Hünärmenleriň belleýşi ýaly, Ýewropa bileleşiginiň Hazarýaka sebitiniň gazyna ýol açmagy üçin Hazaryň düýbinden Türkmenistan bilen Azerbaýjany birleşdirjek Transhazar gaz geçirijisini çekmek gerek. Onuň amala aşyrylmagy üçin bu gaz geçirijisiniň çäklerinden geçýän ýurtlaryň razylyk bermeginiň ýeterlikdigine taraplar ynam bildirýärler. Russiýa bilen Eýran hem munuň tarapdary bolup durýar, olaryň pikiriçe taslama diňe Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň hem razylyk bermegi bilen amala aşyrylyp bilner.   

Duşuşygyň netijeleri boýunça Jarnama gol çekildi, onda  dört tarapyň hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge meýillidigi tassyklanyldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru