Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “EKSPO — 2015” sergi toplumynda boldy

07:2104.05.2015
0
8934

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Milli gününe bagyşlanyp geçirilýän dabara gatnaşmak üçin “EKSPO — 2015” sergi toplumyna bardy.

Milanyň etegindäki meýdany 1,7 million inedördül metre barabar bolan Ro i Pero diýen ýerde tutuş bir şäherçe emele gelip, ol dünýä möçberindäki serginiň baş ýörelgesini we “Dünýäni azyk bilen üpjün ederis: ýaşaýyş-durmuşyň bähbidine energiýa” diýen esasy şygaryny doly şöhlelendirýär. Dünýäniň ähli yklymlaryndan sergä gatnaşýan ýurtlaryň pawilýonlarynyň üýtgeşik bezelişi we täsin binagärlik keşbi ajaýyp sergi şäherjigine gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar.

Biziň ýurdumyz eýýäm üçünji gezek şunuň ýaly dünýä ähmiýetli çärä gatnaşýar. Bütindünýä sergä dünýäniň 145 döwleti we halkara guramalaryň 3-si gatnaşýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Bütindünýä sergä gatnaşmagynda ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň çuňňur many-mazmuny bar. Milli ekspozisiýamyzyň şygarynyň “Azyk bolçulygy — parahat ösüş!” diýlip atlandyrylmagy hem tötänden däldir. Biziň ýurdumyzyň “EKSPO — 2015” sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak bolup durýar.

Türkmenistanyň Bütindünýä forumda ilkinjileriň biri bolup, milli gününi geçirýändigini bellemek gerek.

1175 inedördül metr meýdanda ýerleşýän Türkmenistanyň bölümini belli “GessСon GmbH” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýasy ýerine ýetirdi. Onuň özboluşly binagärlik ýörelgesi milli äheňi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşýar.

Pawilýonyň bezelişinde Türkmenistanyň däbe öwrülen milli, şeýle hem häzirki zaman nyşanlary öz beýanyny tapdy. Girelgäniň öňündäki meýdançada halkymyzyň baýlygy we buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirilen çüwdürim bar. Baş girelgäniň üstünde türkmen ak öýüniň agaç esasy we türkmen halysynyň dürli öwüşginli şekili ýerleşdirildi.

Pawilýonyň daşky taraplarynyň birinde — ägirt uly LED panelinde Türkmenistanyň ajaýyp tebigaty hakynda aýdyň düşünje berýän şekil görünýär. Şeýle hem şarlawuk pawilýonyň bu böleginiň bezegi bolup durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä «EKSPO — 2015» sergisine gatnaşyjylary serginiň açylmagy, şeýle hem serginiň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň milli güni bilen tüýs ýürekden gutlap, onda tanyşdyrylýan ähli ýurtlar üçin uly ähmiýete eýe bolan bütindünýä serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara üstünlikli işlemegi arzuw etdi. Şeýle hem türkmen döwlet Baştutany Italiýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna dostlukly ýurda gelip görmäge, Bütindünýä sergisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu sergi we onuň çäklerinde geçirilýän çäreler Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar we oňat şertleri döredýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“EKSPO — 2015” sergisiniň baş komissary Bruno Paskuino Türkmenistanyň Liderine baý mazmunly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, italýan tarapynyň adyndan Italiýa amala aşyrýan sapary we Bütindünýä sergisine gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Bu sapara Aziýa sebitinden Ýewropa sebitine uzalyp gidýän mäkäm dostluk köprüsini bina etmekde möhüm ädim hökmünde baha berilýär.

Häzir Türkmenistan ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan, okgunly ösýän ýurt hökmünde tanalýar. Onuň gazanýan üstünlikleri aýdyňdyr we munuň şeýledigine türkmen sergisine gelýänler göz ýetirip bilerler. Bu ýerde Bitarap, Garaşsyz döwletiň gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrylýar.

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy onuň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasy boldy diýip, Bruno Paskuino sözüni dowam etdi. Hemranyň ýeriň golaýyndaky orbita çykarylmagy ýurtda dowam edýän döwrebaplaşmagyň täze tapgyryny alamatlandyrdy.

Bruno Paskuino sözüni dowam edip, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary barada hem durup geçdi. Bu derejeli çäre biziň ýurdumyza diňe sport dünýäsiniň iri kontinental merkezi däl-de, eýsem, halkara durmuşyň merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň ylalaşdyryjylyk işinde öz diplomatik derejesini tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Milli sergi ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň 40-dan gowragy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň üstünlikleri bilen tanyşdyrýarlar. Türkmen bölüminde täze tehnologiýalaryň we multimediýa enjamlarynyň, ýörite LED panelleriniň giňden ulanylmagy netijesinde bu ýere gelýänler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan, onuň ykdysady we medeni mümkinçilikleri, ileri tutulýan ugurlary we geljegi hakynda doly maglumat alyp bilýärler.

Her biriniň meýdany 575 inedördül metre barabar bolan üç gatdan ybarat pawilýonyň merkezinde sergä gelýänlere Türkmenistan, onuň geçmişi we şu güni bilen gyzykly tanyşlyk garaşýar. Bu ýerde gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk elde dokalan türkmen halylaryny görmek bolýar.

Sergi bilen tanyşlyk Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň eksponatlaryndan başlandy. Onuň diwarlygynda ýokary çap usulynda ýerine ýetirilen neşir önümleriniň uly sanawy bar.

Soňra Türkmenistanyň Baştutany we hormatly myhmanlar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň we “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Olarda Bütindünýä serginiň esasy mowzugy giňden beýan edildi.

Diwarlyklaryň birinde “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda öndürilýän çörek we aş önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylýar.

“EKSPO — 2015”-de ýurdumyzyň hususy telekeçileri we önüm öndürijileri hem öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmekde möhüm orun tutýar.

Haly önümleri görkezilen diwarlyk serginiň myhmanlarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda halyçylyk we tikin önümçiligi, şol sanda döwrebap milli lybaslary tikmek, şeýle hem sowgatlyklary taýýarlamak bilen meşgullanýan hususy telekeçiler bar. Italiýanyň wekiliýetiniň agzalary zenanlaryň milli lybaslaryna haýran galyp, olaryň biçüw aýratynlyklary bilen gyzyklandylar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklary sergä gelýänleri türkmen halkynyň baý medeni mirasy we gadymy taryhy bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we daşlar komitetiniň diwarlygy hem uly gyzyklanma döredýär. Onda “Türkmenaltyn” kärhanasynyň önümleriniň we milli bezeg şaý-sepleriniň nusgalary görkezilýär.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bölümi şöhraty mähriban topragymyzyň çäklerinden baryp uzak döwürler mundan öň alyslara aşan bütin dünýä belli meşhur “behişdi bedewlere” bagyşlanypdyr.

Soňra türkmen Lideri we ýanyndaky wekiliýet agzalary pawilýonyň ikinji gatyna çykýarlar. Bu ýerde Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ekspozisiýalary bilen tanyşlyk dowam etdi.

Köpugurly sergide görkezilýän harytlaryň sanawynda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň eksport ugurly önümleri aýratyn orun tutýar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň bilim ministri Stefani Jianninä milli ýüpek ýaglygyny — elde dokalan gyňajy gowşurdy. Hanym Jiannini ajaýyp sowgat üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, milli däplerini saklap gelen türkmen dokmaçy zenanlarynyň ukyp-başarnyklaryna we zehinlerine haýran galýandygyny aýtdy.

Italiýanyň bilim ministrine şeýle hem don gowşuryldy. “EKSPO — 2015” atly sergisiniň baş komissary Bruno Paskuinä hem-de Halkara sergiler edarasynyň baş sekretary Wisente Lossertalese milli lybaslar — don we telpek sowgat berildi.

Ekspozisiýalaryň bölümleriniň biri Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň we derman senagatynyň ösdürilişine bagyşlanypdyr. Bu ministrligiň bölümi döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan hem-de derman önümleriniň dürli görnüşlerini, bejeriş suwlaryny, bejeriş palçyklaryny we deňiz duzlaryny, ýod taýajyklaryny we ýod galamjyklaryny we beýlekileri çykarýan önümçilik kärhanalarynyň giň görnüşli önümlerini görkezýär. Görkezilýän önümleriň ählisiniň ýerli çig malyň peýdalanylmagy bilen taýýarlanylýandygyny bellemek möhümdir.

Sergide depginli ösýän türkmen ykdysadyýetiniň ähli pudaklary mümkinçiliklerini bütin aýdyňlygy bilen beýan edýär. Oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň we himiýa senagatynyň düzüm bölümleri, şol sanda “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bar.

Soňra milletiň Liderine we dabara gatnaşyjylara ikinji gatda ýerleşýän 5-D kinoteatrynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, suw gorlaryny netijeli we aýawly peýdalanmaga, tebigy baýlyklara aýawly garamaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar hakynda gürrüň berýän film görkezildi.

Sergi bilen tanyşlyk Senagat ministrliginiň diwarlygynyň ýanynda dowam etdi. Bölüm bu pudagyň kärhanalarynda çykarylýan hem-de ýurdumyzyň köp sanly täze gurluşyklarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk materiallarynyň dürli görnüşlerini görkezýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň bölümlerinde ulag-aragatnaşyk pudagynyň tutuş keşbi açylýar. Bu bölümiň eksponentleriniň biri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi boldy. Mälim bolşy ýaly, ýakynda biziň ýurdumyz kosmos ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Kanaweral burnundaky badalga meýdançasyndan Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 520E” ilkinji hemrasy uçuryldy. Aragatnaşygyň häzirki zaman ulgamynyň üpjün edilmegi türkmen döwletiniň has-da ösdürilmegine, ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyna Döwlet maldarçylyk birleşigi, “Türkmenpagta” döwlet konserni, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi wekilçilik edýärler. Bu edaralaryň bölümleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biriniň üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.

“EKSPO — 2015”-de Türkmenistanyň birleşdirilen ekspozisiýasy üçin öz bölümini Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem taýýarlapdyr. Bu ýerde gurnalan monitorlarda ak mermerli türkmen paýtagtynyň hem-de welaýat merkezleriniň häzirki zaman keşbi – ajaýyp binalar, dolandyryş edaralary, belent gatly ýaşaýyş jaýlary, lukmançylyk, söwda we işewürlik merkezleri, durmuş-medeni ähmiýetli desgalar görkezilýär.

Tebigaty goramak ministrliginiň bölümi ýerasty baýlyklary, suw serişdelerini peýdalanmak we goramak, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada hem maglumat alyp bolýar.

Soňra türkmen Lideri we myhmanlar üçünji gata çykýarlar. Ol ýerde açyk asmanyň astynda däp bolan ak öýüň ýanynda türkmen bagşy-sazandalarynyň çykyşy ýaýbaňlandy. Olaryň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary sergide Türkmenistanyň bölüminiň açylyşynyň özboluşly aýdym-sazly öwüşginine öwrüldi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň hem-de “Gülzaman” salonynyň iň oňat hünärmenleriniň işläp taýýarlan ajaýyp milli lybaslarynyň toplumlarynyň görkezilişi biziň ýurdumyzyň umumy ekspozisiýasynyň sazlaşykly üstüni ýetirdi. Türkmen dizaýnerleriniň işiniň abraýly, şol sanda ýewropaly moda bilermenleriniň birnäçe gezek ýokary bahasyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Milan şäheriniň dünýä modasynyň paýtagty bolup durýandygyny göz öňünde tutanyňda bolsa, matalaryň dürli görnüşlerinden ýerine ýetirilen owadan egin-eşiklere—ýokary hilli ýüpekden-keteniden, şifondan, pombarhdan, ýuka matadan, atlazdan peýdalanylyp taýýarlanylan milli nagyşly ajaýyp lybaslara moda işewürliginiň bilermenleri tarapyndan mynasyp baha berler. Moda görkezilişi meşhur türkmen aýdymçylarynyň, sazandarlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

Milli ekspozisiýa bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä serginiň nyşany dokalan haly görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary bilen bilelikde Italiýanyň sergi bölümine tarap ugradylar. Bu ýerde türkmen Lideri dostlukly ýurduň sergisi bilen tanyşdy.

Şol gün agşam, Bütindünýä “EKSPO — 2015” sergisine baryp görmek maksatnamasy tamamlanandan soň, türkmen döwletiniň Baştutany Milan şäheriniň howa menziline ugrady. Şol ýerden Italiýa Respublikasynyň paýtagty Rim şäherine uçdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň