Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti meşhur “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi

06:2604.05.2015
0
2723

3-nji maýda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýada iş saparynda bolmagynyň çäginde meşhur “Sifal” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remi bilen duşuşyk geçirdi.

Işewür söhbetdeşlik üçin wagt tapandygyna hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Milanda açylan “EKSPO — 2015” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününi guran ilkinji ýurt bolandygy bilen gutlady. Bu bolsa ýurdumyza hem-de täze eýýamymyzyň üstünliklerine dünýäde barha artýan gyzyklanmanyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Döwlet Baştutany özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzy depginli senagatlaşdyrmak boýunça häzirki uly taslamalary durmuşa geçirmekde bu iri ýewropa kompaniýasynyň işewür gyzyklanmasyny mübärekleýändigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we “Sifalyň” ýolbaşçysy mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny, gurluşyk düzümini, ulag pudagyny, hususan-da, raýat awiasiýasyny atlandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň