Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda nebit we gaz kondensatynyň çykarylyşy artdyrylýar

16:1502.05.2015
0
6823

Şu ýylyň dört aýynda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy. Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 101,5 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit önümleriniň, şol sanda awtoulag benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň möçberleri artdy. Guýulary burawlamakda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1,6 esse ýokarlandy.

Kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça hem uly işler durmuşa geçirilýär.

 “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, daşary ýurt maýalarynyň iri düzümleýin taslamalara çekilmegine, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge, energetika ulgamlarynyň we döwrebap gaz-himiýa toplumlarynyň gurluşygyna, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna ilkinji nobatdaky wezipeleri hökmünde uly üns berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň