Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen hünärmenleri energiýa çeşmelerini ýaňadan dowam etdirmegiň meseleleri bilen tanyşdylar

15:3002.05.2015
1
4006

Madridde Mary şäherinde ýerleşýän Türkmen döwlet energetika institutynyň wekilleriniň okuw-tanyşdyryş sapary bolup geçdi. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Üç günlük çäreleriň dowamynda alternatiw energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň halkara tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistandan baran wekiliýet Madridiň tehniki uniwersitetinde, Ispaniýanyň Söwda ministrliginde hem-de energetika, daşky gurşawy goramak we tehnologiýalar boýunça ylmy-barlag merkezinde bolup, gün energiýasy bilen bagly meseleler babatda pikir alşyldy.

—Alternatiw energiýany ulanmagyň ýaýradylmagy durnukly energiýa howpsuzlygyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Bu saparyň türkmenistanly bilermenler bilen olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasyndaky hünär we ylmy gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýarys — diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak bölüminiň ýolbaşçysy Radowan Znaşik belledi.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň