Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä boksunyň ady rowaýata öwrülen iki ägirdi: Floýd Meýwezer Menni Pakýao garşy Los-Wegasda ýüzýyllygyň gapma-garşylygy

12:1902.05.2015
0
8733

Eýýäm iki günden bütin dünýä üýtgeşik tomaşa: dünýäniň iň meşhur boksçylary — amerikaly Floýd Meýwezerleriň ikisi bilen filippinli Menni Pakýaonyň söweşine garaşýar. Türgenler şertnama gol çekmezden kän öň gürrüňi haýran bu söweş iň köp pul toplady, olaryň aljak haky rekord möçbere — 200 million dollara ýetdi. Giriş petekleri sähelçe minutda satyn alyndy. 2-nji maýda Las-Wegasda boljak fantastik şüweleňden geljek girdejiniň bolsa milliarddan geçmegine garaşylýar.

38 ýaşly Pakýao öz boks ýolunda 64 söweş geçirdi we olaryň 57-sini öz peýdasyna tamamlady (38-si nokaut bilen), bäşisinde asgyn geldi, ikisini deňlikde tamamlady. Iň gowy görýän zady bolansoň, “Pul” lakamyna eýe bolan Meýwezer bolsa häzirki wagta çenli ringde 47 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy.

Floýdyň özi öňde boljak söweş barada aýtmak bilen, 49 söweş geçirip, ýeke gezek hem ýeňilmedik Pokki Marçianonyň üýtgemän gelýän rekordyny täzelemegi maksat edinýändigini mälim edýär. Demirgazyk amerikaly boksçynyň bellemegine görä, onuň üçin köpräk gazanmak has wajyp bolup durýar.

Gapma-garşylyga az wagt galanda Pakýaonyň tälimçisi Meýwezer soňky pursatda söweşden ýüz öwrer gorkusynyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerini BoxingScene.com sport portaly getirýär.

“Floýd söweşe çykarmy, bu hakykatdan-da, meniň üçin gyzykly. Ol — diýseň ýuwaş we sabyr-takatly adam. Çekinýändir-ä öýdemok, ýöne göwnüme bolmasa, ol bu söweşi islemeýän ýaly görýärin. Garşydaş saýlamazdan, bu söweşe razy bolmagy Meýwezeriň boýnuna goýdular, çünki ol muňa öwrenişip gitdi”.

Meýwezer bu beýanat barada hiç zat diýmedi. Ýöne ol biraz öňräk 2015-nji ýylda iň soňky gezek ringe çykyp, edil Marçiano ýaly, 49 söweş geçirmek we soňra elligini çüýden asmak kararyna gelendigini mälim etdi.

Tomaşaçylar Meýwezer — Pakýao gapma-garşylygyna ýekşenbe güni tomaşa edip bilerler. Bu şüweleň Russiýanyň Birinji teleýaýlymynda Aşgabat wagty bilen ýekşenbe güni sagat 08:00-da görkeziler. Görüp ýetişmedikler bolsa ýaýlymyň ýazgysyny şol gün sagat 12:15-de we ertesi gün, ýagny duşenbe güni 01:00-de tomaşa edip bilerler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň