Türkmenistanyň Prezidenti durmuş babatda aýratyn ähmiýete eýe bolan Karara gol çekdi

09:4702.05.2015
1
3424

1-nji maýda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenip, döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan wezipelerine, içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garalan, şeýle hem ýakyn geljek üçin meýilnamalar kesgitlenen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015—2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Karara gol çekmek bilen, milletiň Lideri bu maksatnamanyň durmuş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň