Şu ýylyň dört aýynda türkmen ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy

09:2602.05.2015
0
3038

Türkmenistanda giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan giň möçberli çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy we jemi içerki önümiň möçberiniň durnukly ösüşi hasaba alyndy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2015-nji ýylyň dört aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 109,1 göterime deň boldy. Bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 18,5 göterim artdy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna şu döwürde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 37,1 göterim möçberde emele geldi.

Şeýle ýokary netijeler "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň barşynda gazanyldy. Şu ýylyň dört aýynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 11,5 milliard manada deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende bu görkeziji 107,1 göterime barabar boldy. Şeýle hem Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 103,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90,8 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri  bilen deňeşdirilende ortaça aýlyk haky 9,5 göterim ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň