Ukraina bilen Türkmenistan söwda-ykdysady we obasenagat pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerine garaýarlar

0
464
7
0

Ukraina bilen Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýärler. Ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ukrain-türkmen Hökümetara toparynyň ukrain toparynyň mejlisiniň barşynda bu mesele barada gürrüň edildi diýlip, Ukrainanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Hususan-da, hyzmatdaşlyga degişli meseleler we obasenagat toplumyndaky hem-de beýlekilerdäki mümkin bolan taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bilelikdäki oba hojalyk we gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň türkmen bazaryna iberilmegi hem-de olara hyzmat ediş merkezleriniň düýbüni tutmak ýaly meseleler bar.

Taraplar ýakyn wagtda ady agzalan toparyň mejlisiniň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň bu ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru