Soňky habarlar

Arhiw

Çehiýada hokkeý boýunça dünýä çempionaty başlanýar

12:2201.05.2015
0
2579

Hokkeý boýunça 2015-nji ýylyň dünýä çempionaty 1—17-nji maý aralygynda Çehiýanyň iki şäherinde —Pragada we Ostrawada geçiriler.

Dünýäniň iň gowy ýygyndysy adyny almak ugrundaky ýaryşyň takmynan her sekizinjisi Çehiýa kabul edýär. Dogrusy, bu ýerde geň galar ýaly zat ýok, bu ýurduň hokkeýi öňdebaryjy orunlarda bolmagynda galýar. Bu eýýäm Çehiýada geçirilýän onunjy şeýle derejeli bäsleşikdir.

Düýnä çempionatyna 16 topar gatnaşýar. Olar iki toparça bölündiler. “A” toparçanyň oýunlary paýtagtda — Pragada, “B” toparçanyň duşuşyklary bolsa Ostrawada geçiriler.

“A” toparça: Awstriýa, Germaniýa, Kanada, Latwiýa, Fransiýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Şwesiýa.

“B” toparça: Belarus, Daniýa, Norwegiýa, Russiýa, Slowakiýa, Sloweniýa, ABŞ, Finlýandiýa.

1-nji maýda boljak duşuşyklar

“A” toparça Kanada — Latwiýa, Çehiýa — Şwesiýa.

“B” toparça ABŞ — Finlýandiýa, Russiýa — Norwegiýa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň