Soňky habarlar

Arhiw

Maryda BAE-niň ýardam bermeginde täze çagalar hassahanasy gurlar

11:5301.05.2015
0
5544

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugyna Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasynyň binasy üçin ýer bölegini bölüp bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

Bu hassahana Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky Gazna (Birleşen Arap Emirlikleri) bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, ady agzalan Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna gurlar.

Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan — Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti (2004-nji ýylyň 3-nji noýabryndan bäri), Abu-Dabiniň emiri. Onuň adyny göterýän gazna 2007-nji ýylda esaslandyryldy we saglygy goraýyş, bilim ugurlarynda, şol sanda halkara ölçeglerinde iş alyp barýar. Häzirki wagtda gazna dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda haýyr-sahawat kömegini berdi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň