Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly üç aýdan bir gezek çykýan ylmy-amaly žurnalyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy

11:2701.05.2015
1
3743

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek maksady bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredilen «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly üç aýdan bir gezek çykýan ylmy-amaly žurnalyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.

Žurnalyň sahypalarynda meşhur syýasatçylaryň, ylym we jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna möhüm orun berilýär. Olar belent sepgitlere tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ösüşi, gazanýan üstünlikleri barada öz pikirlerini aýdýarlar.   

Däp bolup gelşi ýaly, žurnalyň bu sany diplomatiki durmuşyň syny bilen tamamlanýar.  Onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, daşary ýurtlaryň we iri halkara guramalarynyň köpsanly wekiliýetler bilen duşuşyklar, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm wakalary yzygiderli beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň