Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda köpçülikleýin sport hereketiniň biraýlygy tamamlandy

10:1701.05.2015
0
3188

Paýtagtymyzyň  „Aşgabat“  sport toplumynda „Sagdynlyk we bagtyýarlyk“ atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygynyň tamamlanmagy mynasybetli şeýle hem bu ýerde „Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy“ atly VI sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň  sylaglanyş dabarasy geçirildi. Bu çäräniň çäklerinde aýdym-sazlar, görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.  

Şu gezek  bu biraýlygyň meýilnamasyna laýyklykda dürli çäreler geçirildi. Olaryň hatarynda ylmy-amaly maslahatlar-da,  sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlardyr  görkezme çykyşlar-da  boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty, birinjiligi, şeýle hem „Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň  ýurdy“ atly  VI sport ýaryşlarynyň  jemleýji tapgyrlary geçirildi. Biraýlygyň dowam edýän  günlerinde „Aziada— 2017 we Türkmenistanyň ösüşiň  hem-de parahatçylygyň  bähbidine  sportda tutýan orny“  atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda  ýurtda „Sagdynlyk we bagtyýarlyk“ atly  köpçülikleýin  bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni  çäreleriň biraýlygy geçirilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň