Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri ýokary söweşjeň taýýarlygy görkezdiler

09:5901.05.2015
0
11559

30-njy aprelde “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde ot atyş taýýarlygyny geçen, söweşjeň taýýarlykda aýratyn tapawutlanan mergen harby gullukçylar gatnaşdylar. Olar bu gün söweşjeň taýýarlyklarynyň ýokarydygyny görkezmegi öz öňlerinde maksat edindiler.

Harby okuw-türgenleşikleriniň geçirilmeginiň maksady harby gullukçylarymyzyň hünär derejesini hem-de milli goşunymyzyň diňe parahatçylyk maksatlaryna hyzmat edýän goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Harby okuw-türgenleşigini ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary başlady. Häzirki wagtda tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berilýän ýurduň Harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we gury ýer serhediniň howa giňişligini ygtybarly goraýar. Tejribeli uçarmanlarymyz howada uçuş tilsimlerini görkezdiler, olar asmandan hüjüm edip, top oklary bilen ýerdäki nyşanalary takyk urup, ot açdylar.

Milletiň Lideriniň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde raketa we artilleriýa 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň