Türkmen paýtagtynda «Aşgabat — Derweze — Aşgabat» awtomobil ýaryşy tamamlandy

0
606
4
0

Türkmen paýtagtynda «Aşgabat — Derweze — Aşgabat» awtomobil ýaryşy tamamlandy, ony Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi guradylar.

Birinji milli awtomobil ýaryşynda  sürüji Muhammet Gurbanow we ýolbelet Serdar Aýdogdyýew ýeňiş gazandylar. Didar Orazmetow — Gurban Daňatarow hem-de Merdan Toýlyýew — Aýdyn Mämmedow baýrakly orunlary eýelediler. Olar ýolsuz ýerde ýaryşmak boýunça degişlilikde kümüş we bürünç medallaryna mynasyp boldular. Baýrak eýeleriniň hemmesi hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

— Ýoluň çylşyrymlylygy her tapgyrda artdy — diýip, ýaryşyň baş emini Şamyrat Gurbanow gürrüň berdi. — Ugur ýolsuz ýerlerden — gumuň we gum alaňlarynyň içinden geçip, onuň her bir kilometri ýaryşa gatnaşyjylar tarapyndan kynlyk bilen geçildi. Toparlaryň ikisi ýoldan çykdy — olaryň ikisinde hem ulag hereketlendirijileri näsazlyk tapdy. Merkezi Garagumuň içi bilen  ulagy ýokary tizlikde sürüp, ony dolandyrmak ýeňil däl. Ýöne türgenleriň hemmesi-de wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardylar, olaryň ökdeleri bolsa sylaglara mynasyp boldular. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Milli awtosport merkezinde halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek üçin toparlar döredilýär. Bu ilkinji nobatda «Dakar» tapgyrynyň nobatdaky ýaryşy bolup, onuň ugry 2016-njy ýylda Günorta Amerika  ýurtlarynyň üçüsiniň çäginden geçer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru