Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýada migrasiýa akymlary meseleleri boýunça iki günlik okuw-maslahaty öz işini tamamlady

06:4801.05.2015
0
3000

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guran Merkezi Aziýada migrasiýa akymlary meseleleri boýunça iki günlük okuw-maslahaty öz işini tamamlady. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň barşynda ählumumy abadançylygyň bähbidine tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmek işine ägirt uly goşant goşmak bilen, türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöredýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylalaşdyryjylyk syýasatyna ýokary baha berildi. Milletiň Lideriniň Birinji jahan urşunda iri söweşleriň biri — Çanakgalada  bolup geçen söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, ýakynda Türkiýede geçirilen hatyra çärelerine gatnaşmagy hem bu syýasatyň ynsanperwerligini hem-de ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga bolan gyzyklanmany alamatlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan — BMG gatnaşyklarynyň ynsanperwer ulgam ýaly möhüm ugrunda gatnaşyklarynyň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ulgamda gatnaşyklar häzir täze mazmuna eýe boldy. Hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip we bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar.

Çykyş edenler öz çykyşlaryny bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde dünýä we milli tejribesiniň seljermesine, şunda halkara guramalarynyň eýeleýän ornuna, degişli ugurda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösüşine we ylalaşylan hereketleri işläp taýýarlamaga, göçýänleriň ýurda girmeginiň we olaryň serhetýaka gözegçiliginiň belli bir ulgamyny döretmäge bagyşladylar. Şol ulgam migrasiýa akymlaryny netijeli dolandyrmagyň zerur bolan derejesini üpjün edýär.

Ýurdumyzda bu ugurda geçirilen möhüm we netijeli işler hökmünde «Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Apatridleriň derejesi hakynda» Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli hukuklardan peýdalanyp bilmegi üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamyň we bosgunyň şahadatnamasynyň we ýol resminamasynyň, ýaşamak üçin görnüşiň täze nusgalary güýje girizildi. Bu resminamalar ICAO (Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy) standartlaryna doly laýyk gelýär. Umuman, bu çäreler halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak babatda oňyn tejribe bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar şu günki maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşylmagynyň migrasiýany milli, sebit we halkara derejelerinde kadalaşdyrmak babatda ählumumy meseleleri çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň