Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede ilkinji gezek palaw festiwaly geçirildi

17:5030.04.2015
0
1335

Stambul şäheriniň Üsküdar etraby bilen Tosýa žurnallar federasiýasy (TODEF) tarapyndan şu ýyl ilkinji gezek palaw festiwaly geçirildi. Festiwalyň guramaçylary türkmen halkynyň milli tagamlarynyň biri hasaplanýan palawa bagyşlanan bu medeni çäräni her ýyl geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada www.sondakika.com saýtynda habar berilýär.

Palaw iýip görmäge isleg bildiren stambullylaryň we şäheriň myhmanlarynyň müňlerçesini merkezi meýdança jemlän bu festiwalyň dowamynda 5 tonna töweregi etli palaw taýýarlanypdyr. Guramaçylaryň palawy söýýänler üçin ýene bir sowgat taýýarlandygyny, ýagny her bir adama 2 kilogram tüwini mugt berendiklerini hem aýtmak gerek.

Üsküdar etrabynyň ýolbaşçylarynyň biri Hilmi Türkmen azyk önümlerine bagyşlanan medeni çäreleri yzygiderli gurap durmagy däbe öwrendiklerini aýdyp, mart aýynda Stambulda şöhlat önümleriniň festiwlayny geçirendiklerini gürrüň berdi.

Üsküdar etrabyndaky festiwalyň dowamynda 10 müň töweregi adamy türkmen palawy bilen hezzetläpdirler hem-de 2 tonna golaý tüwi paýlanypdyr. 

2015-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Stambul şäheriniň Zeýtinburnu etrabynda türkmen palawyny taýýarlap, 15 müň adamy türkmen milli tagamy bilen hezzetläpdiler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň