Aşgabatda daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi

0
390
2
1

29-njy aprelde Aşgabatda “Maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de ýerli we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermekde halkara ölçegleri hem-de milli tejribe” atly iki günlük maslahat başlady.

Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek” taslamasynyň çäklerinde geçirilýär. Oňa Mejlisiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahata çagyrylan halkara bilermenleri – Russiýa Federasiýasynyň “Ýokary ykdysadyýet mekdebi” Milli barlaglar uniwersitetiniň kommunikasiýalar fakultetiniň, media müdiriýetiniň, media we bezeg      müdiriýetiniň professory Anna Kaçkaýewa we “Media hukuk instituty” (Ukraina) jemgyýetçilik guramasynyň direktory Taras Şewçenko ýygnananlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kanunçylyk, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralary bilen gatnaşyklarynyň esasy kadalary, maglumatlaryň elýeterliligi meselelerini hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň aýratynlyklary hem-de bu ulgamda halkara ölçegleri bilen tanyşdyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda maglumatlar giňişligini ösdürmek, täze metbugat hem-de elektron neşirlerini döretmek, Internet ulgamyny giňeltmek boýunça iri möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny hemmetaraplaýyn beýan etmäge ýardam berýän daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen netijeli hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy dowam etdirmek baradaky pikiri öňe sürdüler.

Ertir maslahatyň ikinji iş gününde žurnalistleriň möhüm wakalary beýan etmek  boýunça işleriniň dürli taraplary, şol sanda medeni- ynsanperwer häsiýetindäki wakalary, halkara maslahatyny hem-de  sport bäsleşiklerini, şeýle hem žurnalistleri bellige almak babatynda halkara kadalary we  beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru