Soňky habarlar

Arhiw

“Ahal” ýene-de AFK-nyň Kubogynyň eýesinden asgyn geldi

23:0729.04.2015
0
4282

Ahal” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 1/8 finalyna çykmak wezipesini kynlaşdyrdy. Topar şu gün Aşgabatda toparça bölegiň 5-nji tapgyrynda yklymyň bu ýaryşynyň häzirki eýesi we Kuweýtiň 16 gezek çempiony “Al-Kadsiýadan” asgyn geldi — 0:1. Bu toparlaryň arasynda 25-nji fewralda El-Kuweýtde geçirilen ilkinji duşuşyk hem 2:0 hasabynda Kuweýtiň toparynyň peýdasyna tamamlanypdy.

Duşuşygyň başy deň göreşde geçse-de, 19-njy minutda myhmanlar hasaby açdylar. Çep gyradan başlanan hüjüm Bader Al-Al-Motawanyň jerime meýdançasyna girmegi we netijeli urgyny ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy. Arakesmä çenli ýer eýelerine hasaby deňlemäge mümkinçilikler bolman durmady. Ýöne “Ahalyň” iň netijeli hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew iki amatly pursady elden giderdi.

Ikinji ýarymda “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň topary hasaby deňlemek üçin elde baryny etdi. Ýöne biziň futbolçylarymyza ýeňlişden halas bolmak başartmady.

Şeýlelikde, toparça bölegiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda “Ahal” 6 utuk bilen “C” toparçasynda üçünji orunda galdy. Şu günki ýeňişden soň, 10 utuk toplan “Al-Kadsiýa” bolsa wagtyndan öň 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy. “Ahalyň” bu tapgyra çykmaga mümkinçiligi bolarmy ýa-da ýok, bu Yragyň “Erbili” bilen Täjigistanyň “Istiklolynyň” duşuşygyndan soň belli bolar. 5-nji tapgyryň öňüsyrasynda “Istiklolyň” 7, “Erbiliň” bolsa 3 utugynyň bolandygyny ýatladýarys.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparça böleginiň jemleýji duşuşygyny “Ahal” 13-nji maýda Duşenbede “Istiklola” garşy geçirer.   

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

AFK-nyň Kubogy —2015. toparça bölegi. “C” toparça.

29-njy aprel. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony. 20 000 tomaşaçy. 24 gradus С.

“Ahal” (Türkmenistan) – Al-Kadsiýa (Kuweýt) – 0:1 (0:1).

Pökgini geçiren: Bader Al-Motawa, 20 (0:1).

“Ahal”: Nikita Garbunow, Begli Meredow, Annasähet Annasähedow, Damar Batyrow (Berdimyrat Rejepow 46, Begmyrat Balakaýew, 82), Myrat Hamraýew, Zafar Babajanow, Gurban Annaýew, Alibek Abdyrahmanow, Süleýman Orazow, Altymyrat Annadurdyýew, Mämedaly Garadanow.

“Al-Kadsiýa”: A.Al-Fadhli, Sultan Alenezi, Faýsal Alazemi (Abdulaziz Alenezi, 88), Fahed Al-Ibrahim, Talal Al-Amer, Bader Al-Motawa, Amer Almatug Al-Fahdel, Abdullahi Şehu, Saud Alansari (Haled Al-Kahtani, 67), Daniel Subotiç (Soud Al-Mejmed, 88), Raşit Sumaýli.

Duýduryş alanlar: Zafar Babajanow, 28 – Amer Almatug Al-Fahdel 3, Soud Al-Mejmed, 90+2, Talal Al-Amer, 90+3.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy: Bader Al-Motawa (“Al-Kadsiýa”).

Emin: Li Min Hu (Koreýa Respublikasy).

Kömekçi eminler: Babg Giýol (Koreýa Respublikasy), Thaufik Ibrahim (Maldiw adalary).

Gözegçi emin: Ali Reda (Liwan).

Duşuşygyň inspektory: Naser Darwiş Mustafa Algafari (Iordaniýa).

Duşuşygyň komissary: Ahmed Şahir (Maldiw adalary).

 "Ahal" bilen "Al-Kadsiýa" duşuşygyndan fotoreportažy şu ýerden synlap bilersiňiz! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň