Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda milli teleýaýlymlaryň hili we internetiň tizligi gowulanar

11:4028.04.2015
0
5429

 27—28-nji aprelde ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy.  

Ilkinji türkmen emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy Türkmenistan üçin taryhy waka bolup,  Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň hemra gatnaşygy ulgamyna goşulandygyny alamatlandyrdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow   bu şanly waka mynasybetli  halkymyzy  tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen aragatnaşyk hemrasy milli tele we radioýaýlymlarymyzyň alnyp görkezilişiniň hem-de eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berer. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, ýokary hilli Internet ulgamyny, göni ýaýlymda teleokuwlary we telelukmançylyk aragatnaşygyny ýola goýmaga şert döreder.

Bu aragatnaşyk ulgamy uzakda  ýerleşýän ilatly ýerlerde öýjükli aragatnaşyk ulgamyny gurnamaga ýardam berer, şeýle hem onuň  maglumatlar ulgamyny täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň esasynda ösdürmäge giň mümkinçilik döreder.

Şundan soňky birnäçe günüň dowamynda hemra geostasionar orbitanyň belentligine çykar we gündogar uzaklygynyň 52 gradusda öz orbital ornuny eýelär. Bu hereketi ýerine ýetirmek üçin raketa göteriji kosmos enjamy tarapyndan berlen başky itergi we hemranyň özüniň apogeý hereketlendirijisi peýdalanylar. Şol günleriň dowamynda Koreýa Respublikasynyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we Italiýanyň çäklerinde ýerleşdirilen ýerüsti dolandyryş stansiýalarynyň birnäçesi arkaly aragatnaşyk hemrasynyň hereketine hemişelik gije-gündizleýin gözegçilik amala aşyrylar. Ugurdaşlykda türkmen hünärmenleri Ahal welaýatyndaky hemrany Dolandyryş merkezinde hemranyň telemetriýasyny alarlar.

“TürkmenÄlem 52oE”  orbitada öz ornuna ýeteninden soň, Ahal welaýatynda ýerleşýän hemrany dolandyryş merkezi bilen aragatnaşygy ýola goýar. Şondan soňra hünärmenler hemra ulgamynyň işleýşini doly synagdan geçirerler. Tehniki synaglar üstünlikli geçirilenden soňra hemra äleme uçuryldy diýlip hasap ediler, şondan soňra kosmos enjamyny dolandyrmagy türkmen hünärmenleri öz üstüne alarlar.

Hemranyň tutuş enjamyndan alynýan maglumat we barlag ölçegleri hemranyň dolandyryş merkezinde hasaba alnar. Merkeziň hünärmenleri daşary ýurtlaryň degişli merkezlerinde, edaralarynda okuw we tejribe geçdiler. Şeýlelikde, taýýarlyk derejesi bolan işgärler hem-de operatorlar hemranyň hereketine we onuň ulgamynyň ýagdaýyna gije-gündizleýin gözegçiligi amala aşyrarlar hem-de ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän ýerüsti beketlerden kosmos orbital enjamlarynyň dolandyrylyşyny üpjün ederler we onuň işleýiş derejelerine doly gözegçilik ederler.

Milli hemra tele we radio gepleşikleri alyp görkezmek hem-de eşitdirmek üçin peýdalanylar. Aragatnaşygyň hemra kanallarynyň ýokary geçirijilik ukyby adaty we ýokary derejesi bolan onlarça telewizion ýaýlymlary alyp görkezmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem hemranyň mümkinçilikleri ony VSAT ulgamyny döretmäge, şol sanda bir-birinden birnäçe müň kilometrlik uzakda ýerleşen ýerüsti beketleriň arasynda maglumatlary almak üçin ulanmaga, giň ulgamly hemra internetiniň hyzmatlaryny ýola goýmaga, uzak aralykdan okuwlary, lukmançylyk hyzmatlaryny, dürli wideomaslahatlary geçirmäge, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini hödürlemäge ýardam eder.

Hemranyň antennasynyň täsir ediş zolagy Ýewropanyň, Aziýanyň onlarça döwletlerini, şeýle hem Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň ýurtlaryny öz içine alýar. Hemranyň düzgünnamasy Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň kanallaryny alyp görkezmekde üstaşyr ýurt hökmünde hereket etmäge mümkinçilik berer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň