Soňky habarlar

Arhiw

Şikunow: “Berdiýew — biziň iň gowy transferimiz”

14:2827.04.2015
1
2653

Rostowyň wise-prezidenti Aleksadr Şikunow baş tälimçi Gurban Berdiýewiň toparda işini dowam etmek üçin güýjüni gaýgyrmajakdygyny mälim etdi. Şeýle hem ol sary-göklere maliýe durnuklylygynyň gerekdigini aýtdy.

— Bu gün ajaýyp oýun boldy utulubam bilýärdik, utubam — diýip Şikunow belledi. Janköýerler duşuşykdan lezzet aldylar.

— Hemmeler “Rostowyň” Berdiýewiň ýolbaşçylygynda bassyr birnäçe oýunlyk ýeňşi barada aýdýarlar. Ony çagyrmak pikiri nädip ýüze çykdy?

— Berdiýew bu şäheriň toparynda öň oýnapdy, şonuň üçinem ol topara kömek etmek kararyna geldi. Bu biziň iň gowy transferimizdir. Onuň üçin gyşky arakesmäniň biraz uzaga çekeni gowy boldy. Bu hünärmene oýnamagy we ýeňiş gazanmagy isleýän topar döretmek başartdy. Onuň bilen gelejekde-de bile işläsimiz gelýär.

— Bu ýerde onuň üçin döredilen şertler barada-da aýdaýsaňyz?

—Berdiýew diňe futbol barada pikir edýär, beýleki meseleler bilen onuň işi ýok. Elbetde, “Rubinden” soň “Rostowda” oňa işlemek ýeňil däl. Kazandaky maliýe şertleri, futbol infrastrukturasy Kazanda has ýokarydy. Munuň üçin oňa sagbolsun aýtmaly. Ýolbaşçylar ony goldaýarlar we onuň “Rostowda” galmagy we işlemegini üçin elinde baryny gaýgyrmaýarlar. Bize maliýe durnuklylygy gerek. Eger ýolbaşçylar amatly maliýe şertlerini döretseler, ol toparda galar.

— “Rostowyň” oýunçylaryny saklap galmaga synanyşyk edilermi?

— Biziň ähli oýunçylarymyz diýen ýaly şertnama boýunça oýnaýarlar. Transfer syýasaty barada aýdanymyzda biz häzir garaşmaly bolýarys. Haýsy tarapa hereket ediljekdigi düşnüksiz. Daşary ýurtly oýunçylara girizilen çäklendirmeler bilenem näme etjegimizi bilemizok.

— Bu mesele haçan çözüler?

— Bu sowal edil maňa degişli däl. Her nämede bolsa tizräk çözülmegini isleýäris.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň