Türkmenistanda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ählihalk dabaralaryna giň gerim berildi

07:4227.04.2015
0
5531

Şenbe güni baýramçylyk çäreleri Aşgabat atçylyk sport toplumynda boldy. Onda ýokary derejede ilkinji gezek ýetginjek çapyksuwarlaryň bäsleşigi guraldy. Bäsleşige döwlet Baştutanymyz hem tomaşa etdi. Şenbe güni bolsa Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumy esasy dabaralaryň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ýere säher bilen müňlerçe türkmenistanlylar, ýurdumyzyň köpsanly myhmanlary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow toplumyň tomaşaçylar üçin münberine barýarlar we özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturýarlar.

Dabarany alypbaryjy medeni çäreleriň başlanýandygyny yglan edýär hem-de hemmeleri Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlaýar, dabara gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýär.

Aýlawyň çäginde bezegli düýeleriň toý kerweni peýda bolýar.  Ony uçganaklap duran ahalteke bedewlerine atlanan ýigitler ugradýarlar. Deprekleriň sazlaşykly owazy baýramçylyga özboluşly öwüşgün çaýýar. Gadymy döwürlerde deprekçiler dabaraly çäreleriň, köpçülikleýin baýramçylyklaryň açylyşyna gatnaşypdyrlar. Olar özleriniň sazlaşykly owazy bilen adamlaryň ruhuny göteripdirler.

Jarçylar hemmeleri türkmen toýuna çagyrýarlar. Bu ýerde guralan dabara ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň atlanan arabalarynyň geçmegi bilen dowam edýär. Olar gezekli-gezegine watansöýüjilikli aýdymlary ýerine ýetirýärler. Şol pursatda edebi-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar. Oňa gatnaşýan     atly ýigitler dürli şekilleri janlandyrýarlar we çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan jemleýji çärelere – at çapyşyklaryna badalga berilýär. Çapyşyklarda ahalteke bedewleriniň aýratynlygy has-da äşgär duýulýar. Ýyndamlyk bedewlere özboluşly gözellik, haýran galdyrýan çeýelik, kuwwat, erk maksadaokgunly häsiýet berýär. Munuň özi örän tejribeli seýisleriň tälim bermeginde, çapyksuwarlaryň ussatlygynda has-da äşgär duýulýar.

Ine-de, ýyndam bedewler çapuw ýodasyna çykdylar. Olar peýkamdan sypan ok mysaly pellehana tarap süýndüler. Bedewleriň çapyksuwarlar bilen sazlaşygy, olaryň ýeňşe bolan ynamyny pugtalandyrýar. Ahalteke bedewleriniň ýerleý uçýan mysaly çapyşyklary görenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Ýurdumyzyň dürli pudaklary tarapyndan goýlan baýraklar we Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy ugrundaky baýramçylyk bäsleşiklerinde ýedi çapyşyk geçirildi.   Oňa saýlama bedewler we ussat çapyksuwarlar gatnaşdylar.

Her çapyşygyň öňüsyrasynda tomaşaçylar we bedew janköýerleri haýsy atyň öň geljekdigi baradaky jedele goşuldylar. Olaryň tejribesi, bedewleriň kuwwatyna baha berip bilmek ukyby köp halatlarda dogry hem bolýar.

Soňra Halkara atçylyk sport toplumynda geçirilýän baýramçylyk  şu günki çapyşyklarda ýeňiji bolanlary sylaglamak dabarasy bilen dowam etdi.

Baýrakly orunlara düşenleriň hemmesine awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň  ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permany okalýar. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan atşynaslara degişli nyşanlary gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, atşynaslaryň yhlasly zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, ýakynda “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýlen hormatly at döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda bu hormatly ada mynasyp bolanlara hem milletiň Lideri degişli nyşanlary gowşurdy.

Soňra ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ösmeginde bitiren hyzmatlaryny, dünýäde  türkmen atçylyk sportunyň abraýynyň ýokary galmagyna goşan goşandyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň Mejlisiniň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky karary kabul edendigi yglan edilende dabarada höküm sürýän baýramçylyk ýagdaýy has-da uly joşguna eýe boldy. 

Mejlisiň karary okalýar hem-de dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanyna degişli nyşan we  şahadatnama gowşurylýar.

Soňra ýurdumyzyň tejribeli atşynaslarynyň biri Türkmenistanyň Prezidentinden Gyrhan atly ajaýyp bedewi sowgat hökmünde kabul etmegi haýyş edýär.

Bu ýerde, Halkara atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryndan ýurdumyzda her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy, şeýle hem “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

***

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Olaryň maksatnamasyna  aýdym-sazly çykyşlar, sergiler, edebi-sazly hem-de şahyrana agşamlar, ýurdumyzyň atşynaslaryny we seýislerini sarpalamak çäreleri girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň