“Ahal” “Al-Kadsiýa” bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda yzda barýan topary uly hasap bilen ýeňdi

21:4526.04.2015
0
2945

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasynyň 9-njy tapgyrynda “Ahal” myhmançylykda “Daşogzy” uly hasap bilen ýeňdi — 1:4. Bu Türkmenistanyň wise-çempiony we iki gezek Kubogynyň eýesi üçin 29-njy aprelde Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda Kuweýtiň “Al-Kadsiýasy” bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasynda soňky taýýarlyk boldy.

Hasaby 9-njy minutda “Ahalyň” ýarym goragçysy Rahmet Şermetow açdy. Soňra 1:1 hasabynda dowam edip duran oýunda Mämedaly  Garadanow şu möwsümde ilkinji het-trigini (bir oýunda üç pökgi) etdi.

Şu duşuşykdan soň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň 16 utuk toplap, ikinji basgançaga geçdi. Ol öňde barýan “Altyn asyrdan” 4 utuk yza galýar. Ýöne “Ahalyň” bir oýun az oýnandygyny bellemek gerek.

“Daşoguz” barada aýdylanda, bu topar 1 utuk bilen soňky orunda barýar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

“Daşoguz” — “Ahal” — 1:4 (1:3)

25-nji aprel. Daşoguz. “Sport desgasy” 400 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Döwran Seýdiýew 28 — Rahmet Şermetow 9, Mämedaly Garadanow 25, 32, 66.

Duýduryş alanlar: Döwran Seýdiýew 41 — Muhammet Ymamkulyýew 83

Emin: Babanazar Haknazarow.

Gözegçi emin: Geldi Öwezow.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň