Aşgabadyň atçylyk-sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşyklary geçirildi

19:1026.04.2015
0
6852

25-nji aprelde ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk-sport toplumyna geldi.

Bu ýerde ählihalk tarapyndan bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda çapyşyklar geçirildi. Onuň guramaçylary hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy çykyş etdiler.

Baş girelgäniň öňünde aýdym-saz toparlarynyň ýaşajyk ýerine ýetirijileri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ussatlygyny görkezýärler. Garaşsyz Watanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesliniň wekilleri diňe bir ýerde däl-de, eýsem şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilen wakalaryň hem baş gahrymanlary boldular. Paýtagtymyzyň sport mekdeplerinde tälim alýanlar gimnastika, gylyçlaşmak, söweş sungatlary, küşt we şaşka we ş.m., şeýle hem sportuň milli görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bu ýerde, atçylyk sport toplumyna barýan ýodajyklaryň ugrunda ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary öz döreden, behişdi bedewlerimize bagyşlan nakgaşlyk eserlerini görkezdiler. Olaryň döreden eserlerini milletiň Lideri üns bilen synlady we ýaşajyk suratkeşler bilen olaryň döredijilik gözlegleri barada söhbet etdi.

Ýaşajyk suratkeşleriň, türgenleriň we artistleriň başarnyklaryna mynasyp baha berenden soň, döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el-çarpyşmalary astynda atçylyk toplumynyň binasyna girip, özi üçin ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we atçylyk pudagynyň işgärleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler tomaşaçylar münberine çykýarlar.

Soňra ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşygynyň başlanýandygy yglan edilýär.

Geçirilen ýedi at çapyşygynyň dowamynda ýurdumyzyň ýaş çapyksuwarlary öz bedewlerinde çalasynlyk hem-de ezberlik görkezdiler. Olar baş baýraklar ugrunda bäsleşdiler.

Çapyşyklar başlanyp, bedewler aýlawyň çäge düşelen çapuw ýodajyklaryna düşende, tomaşaçylar joşgun tapdylar. Däp boýunça 1200 metr aralyga geçirilen çapuwa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, Milli atçylyk sport mekdebine, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň atçylyk hojalygyna, şeýle hem hususy hojalyklara we telekeçilere degişli üçýaşar bedewleriň 7-si gatnaşdy.

Ilkibaşda bedewler bir-birine ýakyn topar bolup çapdylar. Pellehana takmynan 200 metr galanda, bedewleriň biri has öňe saýlandy. Galanlary onuň yzyndan ýetmäge synanyşdylar, emma Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Dowamat atly gurt mele bedew yzyndan ýetdirerli däldi. Ýetginjek çapyksuwar Kerimguly Berdimuhamedow köpsanly tomaşaçylaryň şowhunly el-çarpyşmalary we göwün göteriji sözleri astynda Dowamat atly bedewde ilkinji bolup pellehanadan geçýär we bu aralyga 1 minut 18,4 sekunt wagt görkezýär. R.Abdyýew Garagum atly bedewde ikinji orna (1 minut 19,1 sekunt), Merkez atly bedewde Ý.Aşyrow üçünji orna (1 minut 22,3 sekunt) mynasyp boldular.

Eýýäm birinji çapyşyk, şeýle hem ähli soňky çapyşyklar täze taryhy eýýamda häzirki zaman milli atçylyk mekdebiniň özüniň müňýyllyk däplerini üstünlikli dowam etdirýändigini görkezdi. Ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşan ähli çapyşyklarynda has yzda galan çapyksuwarlar bolmady. Bäsleşikler bellenen aralygyň başynda we ortalarynda umuman deňräk ýagdaýda geçdi. Öňde baryjy esasan pellehana golaýlaşylan wagtynda öňe saýlanyp başlady. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaş çapyksuwarlarynyň arasynda bäsdeşligiň ýokarydygyndan habar berýär.

At çapyşyklary tamamlandan soň, asmanda sesden hem ýokary tizlik bilen hereket edýän uçarlaryň peýda bolmagy hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Uçarlary ýokary hünär başarnyklaryny doly ele alan türkmen uçarmanlary dolandyrýarlar we ussatlyk derejesini görkezýärler. Bu ýere ýygnananlar asmanda uçarlaryň peýda bolmagynyň tötänlikmi ýa-da at çapyşyklarynyň guramaçylarynyň öňünden meýilleşdiren çärelerimi — muňa doly düşünmän, olaryň peýda bolmagyna bütin ýer ýüzünde asman bedewleri diýlip atlandyrylýan ahalteke atlarynyň ýelden ýüwrükliginiň we ”uçuşynyň” aýdyň nyşany hökmünde kabul etdiler. Şeýle hem türkmen atlarynyň owadanlygy üçin olara behişdi bedewler diýýärler. Atlary synlan her bir adam biygtyýar buýsanç bilen ýylgyryp başlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň