Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy we atşynaslary Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady

18:2026.04.2015
1
6921

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy we atşynaslary behişdi bedewleriň hormatyna giň gerimde we dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady.

“Ýurdumyzda atçylyk sungatyny we atçylyk sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça dünýäniň dürli döwletleri bilen alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeldilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylyk sungatynyň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen bedewiniň şekiliniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi bolsa, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän ruhy-medeni gymmatlyklaryna, milli baýlyklaryna goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr” — diýlip, döwlet Baştutanynyň baýramçylyk Gutlagynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň