Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň baştutany Igor Makarowy kabul etdi

10:4626.04.2015
0
6388

25-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň baştutany Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny bu şanly sene bilen gutlady we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Işewür ýolbaşçylyk edýän holding kompaniýasynyň halkara derejesinde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny aýdyp, özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň öňdebaryjy daşary ýurt, şol sanda rus kompaniýalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

«Itera» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny, şol sanda nebitgaz,  gurluşyk ulgamlaryndaky meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin bar bolan mümkinçiliklerini gönükdirmäge taýýardygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda ýakyn geljek üçin, şol sanda sport düzümini kemala getirmekde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň