Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň prezidenti Aleksandr Şohini kabul etdi

08:0926.04.2015
0
2642

 

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, milletiň Liderini we tutuş türkmen halkyny dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke bedewlerine bagyşlanan milli baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Aleksandr Şohin Aşgabatda guralan dabaralaryň giň gerim bilen geçirilýändiginiň guwançly wakadygyny aýdyp, Türkmenistanyň ajaýyp ahalteke bedewleri ýaly milli medeni gymmatlygyň aýawly saklanylmagynda we ösdürilmeginde tutuş dünýä nusgalyk görelde görkezýändigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany we myhman milli ykdysadyýetimizde ýurdumyzyň telekeçileriniň ornunyň pugtalanýandygyny nazara almak bilen, telekeçi düzümleriň derejesinde iki ýurduň arasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we ony ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşdylar.

Hususy telekeçiligiň bilelikdäki ýokary tehnologiýaly kärhanalaryny döretmek, şeýle hem işewür düzümleriň wekilleriniň arasynda netijeli maglumatlary alyşmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň