Milli baýramlarymyz mynasybetli maýda belleniljek medeni-köpçülik çäreleriniň maksatnamasy taýýarlanyldy

10:5825.04.2015
0
5179

Öňde durýan milli baýramçylyklar – Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly  Pyragynyň şygryýet güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülik çäreleriň, şeýle hem bu senelere gabatlanylyp durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli guraljak dabaralaryň maksatnamasy taýýarlanyldy. Ählihalk baýramlary mynasybetli Aşgabatda täze Metbugat öýüniň açylyş dabarasy bolar, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň medeni merkezlerinde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň seýilgählerinde maslahatlar, duşuşyklar, sergiler, konsertler guralar.

8-nji maýda Ýeňiş güni mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.  Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arkadag”,  “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Ak bugdaý”, “Sagdynlyk”   ýadygärlik binalary açylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň