Türkmenistanyň we Pakistan Yslan Respublikasynyň Prezidentleri TAPI gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

06:5925.04.2015
0
3054

Çanakgalada bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.

 Iki döwletiň Baştutanlary mähirli görşüp, türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar däbe öwrülen dostlukly häsiýete eýe bolup, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda—abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mamnun Huseýn döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini bellemek bilen, Türkmenistanyň we Pakistanyň täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin açylýan mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge tarap ugra ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça  pikir alşyp, olaryň hatarynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de beýleki birnäçe pudaklary görkezdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy taraplar üçin uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň  aýdyň mysaly bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly goşant bolar, dünýäniň energetika howpsuzlygyny berkitmäge hyzmat eder, yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylygy çaýmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň bu iri möçberli taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

 

Şunuň bilen bir hatarda, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz we möhüm bölegi bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda Pakistanda Türkmenistanyň ýöredýän, oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna, şeýle hem türkmen Lideriniň öňe sürýän, umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigi we hemmetaraplaýyn goldaýandygy bellenildi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýurdumyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna beslenendigini belläp,  Türkmenistanyň netijeli daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen dünýäniň ähli döwletleri we ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Pakistan Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Milletiň Lideri pursatdan peýdalanyp, pakistanly kärdeşini bu şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, geljekde hem hemmetaraplaýyn berkidilip, täze mazmun bilen baýlaşjakdygyna ynam bildirdiler  hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň