Türkmenistanyň Prezidenti Çanakgalanyň golaýyndaky söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy

06:4325.04.2015
0
3435

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Milletiň Lideri şol ýerde Birinji jahan urşunyň iň uly söweşleriniň biri bolan Çanakgalanyň golaýyndaky söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.

Döwlet Baştutanynyň ulag kerweni howa menzilinden Çanakgala şäheriniň deňiz menziline tarap ugrady, soňra bolsa paromda beýleki kenara — “Kilitbahir” portuna geçdi.

Ýüz ýyl mundan ozal, ýagny 1915-nji ýylda Çanakgalanyň golaýynda köp aýlap dowam eden gazaply söweş boldy. Bu söweş deňizde — Dardanel bogazynda, gury ýerde —Gelibolu ýarymadasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu adamzat taryhynda uzaga çeken we iň gandöküşikli uruşlaryň biri bolan Birinji jahan urşunyň (1914-1918-nji ýyllar)  uly söweşleriniň biri boldy. Taryhy maglumatlarda bellenilişi ýaly, Birinji jahan urşuna şol döwürde döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan 59 döwletiň 38-si gatnaşdy. Her bir uruşda bolşy ýaly, diňe bir söweşen esgerleriň arasynda däl, eýsem, uruş döwrüniň heläkçiliginden ejir çeken parahat ilatyň arasynda hem ägirt uly adam pidalary boldy...

1973-nji ýylda geljekki nesillere parahatçylygyň nähili ýol bilen gazanylýandygyny görkezmek üçin, bu sebit milli park diýlip  yglan edildi. Wepat bolan britan, fransuz, täze zelandiýaly, awstriýaly hem-de türk esgerleriniň hatyrasyna milli parkda  ornaşdyrylan ýadygärlikler bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň möhümdigi barada oýlanmaga mejbur edýär.

Döwletiň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny gorap, gahrymançylygyň, edermenligiň hem-de gaýduwsyzlygyň beýik nusgasyny görkezen ildeşlerine baş egmegiň nyşany hökmünde Türkiýe Respublikasynda her ýylyň ýaz paslynda Çanakgala söweşiniň senesi bellenilýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni “Kilitbahir” portundan wepat bolan türk esgerleriniň “Mehmetçik” ýadygärligine tarap ugrady. Baharyň   şu gününde bu ýere müňlerçe adam ýygnandy.

Hatyra çäresiniň geçirilýän ýerine gelende Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hut özi garşylady. Ol çakylygy kabul edendigi üçin türkmen Liderine  hoşallyk bildirdi. Munuň özi taraplaryň ikisiniň hem tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga ýardam edýän köp asyrlyk dostluk we doganlyk däplerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türk Lideriniň çakylygy boýunça Çanakgala söweşiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan hatyra çärelerine gatnaşmak üçin bu ýere Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň, Afrikanyň 70-den gowrak ýurdundan döwlet we hökümet  baştutanlarynyň, ýokary wezipeli adamlaryň gelendigini bellemelidiris. 

Düýn Stambulda, Halkara kongresler we  sergiler merkezinde “Birinji jahan urşunyň 100 ýyllygy” atly ylmy maslahat geçirildi.

Beýleki wekiliýetleriň baştutanlary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow VIP — myhmanlar üçin bellenen ýere barýar.

... “Mehmetçik”  ýadygärliginiň öňündäki meýdançada  asudalyk höküm sürýär. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýadygärlige gül dessesini goýýar.

Bu çärä tamamlanandan soň, ýygnananlar bir minut dymmak bilen wepat bolanlary hatyralaýarlar. Hormat garawulynda duran esgerler topdan ot açyp, salýut berýärler. 

 Soňra Çanakgalanyň golaýyndaky söweşde wepat bolanlaryň, azatlyk, parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini gorap, söweşlerde janyny gurban edenleriň hatyrasyna aýat-doga okalýar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Ol çykyşynda 100 ýyl mundan ozal söweşe gatnaşanlaryň nesillerini raýdaşlyga çagyrdy. Munuň özi bütin dünýäde ählumumy parahatçylygy berkarar etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Şondan soňra belent mertebeli myhmanlar  ýörite bellenen ýere barýarlar we şol ýerden deňiz gämileriniň dabaraly ýörişine hem-de uçarlaryň uçuşyna syn edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň