Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

06:2025.04.2015
0
7497

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.

Şu günler ýurdumyz iň oňat atşynaslary hem-de  seýisleri, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we türgenleşdirmek bilen meşgullanyp, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän, müňýyllyklaryň dowamynda mähir bilen garalan atlaryň nesillerini dowam etdirýän ähli adamlary hormatlaýar.

Baýramçylyk lybasyna bürenen toplumda türkmen halkynyň öz bedewlerine çäksiz söýgüsini, buýsanjyny beýan edýän aýdym we joşgunly tans ýerine ýetirildi. 

Türkmenistanyň Prezidentini atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladasyna çäksiz hoşallyk bildirmegiň nyşany hökmünde ahalteke bedewlerini sowgat almak üçin syn ediş meýdançasyna geçmäge çagyrýarlar.

Meýdançada döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşylaýarlar. Gezekli-gezegine bedewleri çykarýarlar, ýaşuly, ýetginjek oglan hem-de Türkmenistanyň welaýatlarynyň her biriniň ýolbaşçysy milli Liderimizi mübärekläp, bedewiň pasportuny gowşurýarlar. Milletiň Liderine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň adyndan hem ahalteke bedewi sowgat berilýär.

Soňra bu ýerde ahalteke bedewleriniň arasyndaky halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Saýlama tapgyrlarynyň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna deňsiz-taýsyz beden gurluşy, ajaýyp başarjaňlygy ýaly iň oňat häsiýetleri özünde jemleýän atlaryň onusy çykaryldy. Şol alamatlary boýunça bu atlar abraýly eminler topary tarapyndan ýeňiş gazanmaga hem-de ýylyň iň owadan bedewi diýen ada eýe bolmaga has mynasyplar diýlip ykrar edildi.

Gözden geçiriş meýdançasyna gözbaşy abraýly atlaryň neslinden bolup, ahalteke bedewleriniň iň oňat nesil ugruny esaslandyran naýbaşy, bir-birinden owadan-nurana şöhratly tohum atlar çykarylýar.

Alypbaryjy bedewleriň her biriniň ady hem-de olaryň gelip çykyşy bilen gysgaça tanyşdyrýar. Olar mele reňkli Bitaraplyk, dor reňkli Akbilek, Beýikdag, Gadam, Karar, Ýigit, gara dor reňkli Jahyl we Gürgen, mele reňkli Galkasen, gara reňkli Aşgabat bedewleridir.

Özüniň bütin durky bilen tebigy gözelliginde tomaşaçylaryň öňünden arassa ganly bedewler geçýär. Olar haýran galýan tomaşaçylaryň we emin agzalarynyň öňünden geçmezden öňürti birnäçe tapgyrlaryň netijesinde saýlanyp alyndy. Eminler bedewleriň beden gurluşyna, çarpaýa galşyna, tohum häsiýetlerine hem-de atlaryň başarnygyna baha berip, iň gowudan gowusyny saýlamalydy.

Bedewler tomaşaçylaryň öňünden ilki bezelmedik görnüşinde, soňra bolsa iň oňat zergärleriň taýýarlan milli at şaý-sepleri bilen ajaýyp görnüşde bezelip geçdiler. Olaryň gözden geçirilişiniň ýany bilen alyp baryjy gözellik bäsleşigine gatnaşýan atlar baradaky maglumaty aýdyp, bedewler bilen baglanyşykly milli däpler, olaryň üýtgeşik häsiýetleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem ahalteke bedewlerine bagyşlanan şahyrana setirler belent ýaňlandy.     

Düzümine türkmen eminlerinden başga-da, daşary ýurt bilermenleri giren abraýly emin agzalary maslahatlaşanlaryndan soň  çözgüt çykardylar. Ony ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň, şeýle hem sungat ussatlarynyň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň eminler toparynyň başlygy Katerina—Irena Ýakob Şraýner yglan etdi.

 

Şeýlelikde, ajaýyp Bitaraplyk bedewi ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2012-nji ýylda doglan bedew türkmen atçylygynyň taryhynda uly yz galdyran meşhur Gelşikliniň neberesindendir. Şowhunly el çarpyşmalar astynda täsin bedewiň eýesi Begmyrat Hojalyýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny we göçme Kubogy gowşurdylar.  

Soňra ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilýär. Çeper beýan etmek arkaly ahalteke bedewlerini giňden wagyz etmäge gönükdirilen bu döredijilik bäsleşigine tanymal we ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, halyçylar, zergärler, fotosuratçylar, neşirýat işgärleri, dizaýnerler we teleoperatorlar gatnaşdylar.

Olaryň her biri  döredijilik işinde gözelligiň we sazlaşygyň nusgasy hasaplaýan atyň keşbine bolan garaýşyny ussatlarça şekillendirmäge çalşypdyr.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baş baýraklar gowşurylýar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň «Ezeli kämillik» diýen işi iň gowy haly eseri diýlip ykrar edildi. «Zergärçilik eseri» diýen bölümde Aşgabat şäheriniň 90-njy orta mekdebiniň matematika mugallymy Çarymyrat Sähedow «At şaý-sep toplumy» diýen işi bilen bedewleriň bezeg şaý-sepleri üçin ýeňiş gazandy. Iň gowy surat eseri boýunça «Jygalybegiň patasy» diýen işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kafedra müdiri  Berdimyrat Toýçyýew baýraga mynasyp boldy. Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew «Jelaleddin Meňburun» diýen heýkeli üçin üstünlik gazandy. Iň gowy neşir önümi – «Pyýada» diýen işi üçin Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Enwer Abalakow sylaga eýe boldy, iň gowy wideo şekili üçin «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň teleoperatory Gurbanberdi Gurtgeldiýew baýraklara mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň