Türkmen paýtagtynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi

10:5624.04.2015
0
6027

23-nji aprelde türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ganatly bedewleriň hormatyna milli baýrama gabatlanyp Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi.

Her ýyl Assosiasiýanyň işleriniň jemi jemlenip, onuň mejlislerinde geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryna, bilelikde hereket etmegiň anyk meselelerine garalýar, mejlise dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly wekiller gatnaşýar. Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistandan we daşary ýurtlardan Assosiasiýanyň hataryna girmek isleýän edara görnüşli we şahsy taraplaryň sany yzygiderli artýar. Kärdeş-hünärmenleriň yzygiderli duşuşyklary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär, bilelikdäki taslamalar, möhüm teklipler hem-de işewürlik gatnaşyklary bilen baýlaşdyrýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine bäş ýyl dolýar. Bu gysga döwrüň içinde dünýäniň çar künjünden köpsanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar Assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 29 döwletinden 132 sany edara görnüşli we şahsy tarap Assosiasiýanyň agzasy bolup durýar. Olaryň sany ýylsaýyn artýar we atçylyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär.

 

Milletiň  Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna ýüzlenmek bilen, 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda taryhy Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy diýip nygtady. Şol duşuşygyň barşynda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna atçylyk sportunyň päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) görnüşi hem goşuldy. Munuň özi, ahalteke bedewleriniň atçylyk sportunda şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge we sportuň bu görnüşi boýunça olaryň täsin ukybyny doly açyp görkezmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda atşynaslaryň çekýän yhlasly zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar döredildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Behişdi ahalteke atlary» žurnaly döredildi we ol häzirki döwürde türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýär.

Internet ulgamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite saýty hem döredildi. Bu Internet saýty dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleri barada doly we takyk maglumatlary ýygnamaga ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şu günki geçirilýän mejlisiň hem meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermäge, dünýäniň dürli künjeginde behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň özara peýdaly tejribe alyşmagyna ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow asylly maksatlaryň bähbidine bilelikde iş alyp barmak baradaky sözleri aýtmak bilen, daşary ýurtly atşynaslara Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordenini gowşurdy.

Özlerine ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan edip, myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini kämilleşdirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmäge goşandyny goşjakdyklaryna türkmen Liderini ynandyrdylar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň