Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministrini kabul etdi

10:1124.04.2015
0
2784

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, bu ýerde geçirilýän türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz  we myhman ähli ulgamlarda,  şol sanda iki ýurduň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy hasaplanylýan oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin  ähli mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek “EKSPO -2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanan netijelerini hem-de üstünliklerini   açyp görkezmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem serginiň barşynda azyk önümleriniň önümçiligi hem-de onuň eksporty bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Aşgabatda türkmen-italýan işewürlik forumynyň geçirilmegi, oňa döwlet we hususy düzümleriň, şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça ýöriteleşdirilen iri italýan kompaniýalarynyň onlarçasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy  däp bolan hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Myhmanyň belleýşi ýaly, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ägirt uly serişde gorlaryna, ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan Italiýanyň işewürler topary üçin uly gyzyklanma eýe bolup durýar. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýän ygtybarly kanunçylyk binýady Italiýanyň işewürleri we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin has-da özüne çekijidir. Işewürlik maslahatynyň maksatnamasynda Italiýanyň işewürleri bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary göz öňünde tutuldy. Onuň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny, iň esasy bolsa özara peýdaly gatnaşyklaryň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň