Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp Halkara sergi-ýarmarka we VII halkara ylmy maslahat açyldy

0
702
1
0

23-nji aprelde Aşgabatdaky Sergi köşgünde ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty açyldy.

Dünýäniň onlarça ýurdyndan köpsanly wekilleriň gatnaşmagynda guralan sergi we ýöriteleşdirilen maslahat ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň üstünlikleri hakyndaky maglumatlaryň wagyz edilmegine, işewür we ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, Türkmenistanda bedewleri köpeltmek hem-de seýislemek ugruna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Sergide Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň, Wengriýanyň, Kanadanyň, Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Pakistanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Täjigistanyň  we beýleki ýurtlaryň işewür düzümleriniň hem-de sport guramalarynyň gymmatlyklary görkezilýär. Olaryň köpüsi  önümlerini Türkmenistanda ilkinji gezek görkezýärler.

Sergide atçylyk ulgamy boýunça ähli ugurlar beýan edilýär. Olaryň hatarynda atçylyk sporty, tohumçylyk işi, at çapyşyklary, atşynaslyk, weterinar gullugy, at esbaplary, olaryň iými we goşundylary, weterinar serişdeler, athanalar üçin enjamlar, çapyksuwarlaryň lybaslary we aýakgaplary, sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlenen enjamlar, atlara niýetlenen demir önümler bar. Şeýle hem sergide bezegçileriň, suratkeşleriň we dürli ýurtlardan gelen fotosuratçylaryň bedewlere    bagyşlanan işleri, dürli sowgatlyklar görkezildi.

Bu giň möçberli gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň arasynda atçylyk sport toplumlaryny enjamlaşdyrmak bilen meşgullanýan, atlary daşamaga niýetlenen ulaglary çykarýan we olary getirýän, dürli ýöriteleşdirilen tehnikalary we enjamlary, lukmançylyk serişdelerini öndürýän,  atçylyk ulgamy boýunça geçirilýän çärelere goldaw bermekde, çapyşyklary ýa-da atly marafonlary alyp görkezmekde hyzmatlaryny hödürleýän belli kompaniýalar, hususy çapyşyk klublary we pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan hünär okuw mekdepleri bar.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bölüminde häzirki zaman atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy bilen güýçli itergä eýe bolan pudagyň ösüşiniň esasy ugurlary, türkmen çapyksuwarlarynyň, seýisleriniň we atşynaslarynyň ähmiýetli ýaryşlarda gazanan baýraklary görkezilýär. Ýurdumyzyň paýtagtynyň hem-de her bir welaýatyň wekilleri atşynaslyk ulgamyna we ahalteke bedewlerine bagyşlanan gymmatlyklary taýýarlapdyrlar.

Türkmen döwletiniň Baştutany ahalteke bedewlerine bagyşlan kitaplary hem-de beýleki neşir önümleri sergide aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenistanyň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary sergi-ýarmarkasynyň özboluşly bezegine we gaýtalanmajak dabarasyna öwrüldi. Uçganaklap duran ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň we gyzlaryň özboluşly çykyşlary    ýarmarka gatnaşyjylarda we onuň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII halkara ylmy maslahaty baýramçylyk çäreleriniň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Maslahat günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgünde geçirildi. “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen maslahata dünýäniň onlarça ýurdundan belli alym-ippologlar, atşynaslar, biologlar, taryhçylar we etnograflar, daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanda täze neşir edilen we ahalteke bedewlerine bagyşlanan göwnejaý bezegli üç kitap maslahata we sergi-ýarmarkalara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. “Bedew bady dowamat nesilden-nesle geçýär”, “Älem saňa haýran türkmen bedewi”  atly neşirler we türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çap edilýän “behişdi bedewleriň” şöhratly taryhyna, olaryň geljegine, şeýle hem bu ajaýyp bedewleri saklamak hem-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan köp taraply işlere bagyşlanan “Behişdi ahalteke atlary” atly žurnalyň täze sany çapdan çykdy.  Ajaýyp bezegli bu neşirler hünärmenlere bolşy ýaly, giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly bolar.

Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly “VII Halkara ylmy maslahaty 25-nji aprele çenli dowam eder. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan dabaralara we beýleki medeni çärelere gatnaşarlar.

“Fotoreportažlar” rubrikamyzda portalymyzyň okyjylarynyň dykgatyna Halkara sergi-ýarmarkasyndan taýýarlan fotoreportažymyzy hödürleýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru