Arhiw

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ahalteke atlarynyň gözelligini beýan edýän eserleriň sergisi guraldy

01:1124.04.2015
0
2817

22-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda ahalteke atlarynyň gözelligini çeper beýan etmek ugrunda yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen eserleriň sergisi guraldy.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaytynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrynda yglan edilen döredijilik bäsleşigine suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň saýlama eserleriniň 600-den gowragy hödürlendi.

Sergä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, şeýle-de türkmenistanly halypa suratkeşler bilen bilelikde talyp ýaşlar hem özleriniň eseleri bilen gatnaşdylar. Kendiriň ýüzüne ýagly reňklerde çekilen suratlar, zergärleriň ýasan şaý-sepleri, dürli ölçegde dokalan haly we haly önümlerinde keramika we heýkel işlerinde ahalteke bedewleriniň gözelligi, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň üsti bilen beýan edilýän işler görkezildi.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň