Türkmen bedewiniň baýramyn mynasybetli konkur ýaryşy geçirildi

0
196
0
0

22-nji aprelde Halkara atçylyk-sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi boldy. Bu bäsleşigi «Türkmen atlary» döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Atçylyk sportunyň milli merkezi guradylar.

Sportuň olimpiýa görnüşi boýunça bu ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Atçylyk sportunyň milli merkeziniň, Goranmak we Içeri işler ministrlikleriniň wekilleri — toparlaryň dördüsi gatnaşdylar. Halkara atçylyk sport toplumynyň münberini dolduran hem-de ýaryşlaryň şaýatlary bolan köp sanly janköýerler türkmen çapyksuwarlarynyň 12-sine elçarpdylar.

Ýaryşa gatnaşyjylar dürli beýiklikdäki we çylşyrymly päsgelçilikleriň onusyndan geçdiler. Onuň düzgünine laýyklykda, bir päsgelçilikden iki gezek geçip bilmedik çapyksuwar baýrak ugrundaky bäsleşikden çykarylýar.

Ýeňijiniň ady 26-njy aprelde belli bolar. Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl ýaryşyň baş baýragyna F.Zaripowa Ýerbent II atly bedewi bilen mynasyp bolupdy. Ol bu gezek Türkmenistanyň konkur boýunça ussady diýen derejesini saklap bilermi?! Bu bolsa ýene birnäçe günden belli bolar...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atçylyk sporty (konkur) we türkmen milli göreşi girizildi.

Ýaryşdan taýýarlanan fotoreportažymyzy şu ýerden görüp bilersiňiz! 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru