Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

06:3823.04.2015
0
2864

Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin oňaýly şertleriň bardygy 22-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde bellenildi.

Giň gerimli taslama bolan Gazagystan—Türkmenistan—Eýran halkara demir ýolunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän bu üstaşyr-ulag geçelgesi diňe sebitde däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde Hökümetara türkmen-gazak toparyna, şeýle hem bilelikdäki Işewürler geňeşine uly orun berilýär. Bu geňeşi döretmek hakynda Ylalaşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň esasyny düzýän ynsanperwer ulgamyň möhümdigini bellemek bilen, bu ugurda netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek babatda pikirlerini beýan etdiler. Munuň özi doganlyk goňşy halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmen döwletiniň Baştutany pursatdan peýdalanyp, gazak kärdeşine apreliň üçünji ongünlüginde Gazagystanda geçiriljek Prezident saýlawlarynda üstünlik gazanmagy arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde hem hemmetaraplaýyn berkidiljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň