Sebitara ulag gatnaşyklarny işjeňleşdirmegiň ýolunda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär

0
488
0
0

21-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň merkezinde, Lançžou Ulag uniwersitetinde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ulag-üstaşyr gatnawlary diwersifikasiýalaşdyrmaga  bagyşlanan “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk”  atly wekilçilikli forum boldy. Oňa welaýatyň hökümetiniň ýokary wezipeli işgärleri, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň jogapkär işgärleri, ulag ulgamyndaky  türkmen bilermenleri, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi, ýokary okuw mekdebiniň köp sanly talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ýurdumyzyň Hytaýdaky ilçihanasy tarapyndan guralan wekilçilikli forum 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Lançžou şäherinde geçirilýär. Hytaýyň demirgazyk-günbatar böleginiň merkezinde ýerleşýän şäher tutuş sebitiň esasy ulag merkezi  bolup, bu şäheri günbatar bilen baglanyşdyrýar we ýurduň gündogar böleginde demir ýol gatnawlaryny ösdürýär.

Çykyş edenler şu duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň örän wajypdygyny nygtap, ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler. Munuň özi köp şahaly we howpsuz halkara ulag düzüminiň bolmagyny talap edýär.

Mälim bolşy ýaly, Hytaýdan Orta Aziýa ýol hut şu ýerden, Lançžou şäherinden başlanýar.  Beýik „Ýüpek ýolunyň“ kerwenleri üçin 1600 kilometrlik söwda geçelgesi hem bu şäheriň üstünden geçipdir.

Şu günki söhbetdeşlikleriň çäklerinde “Täze Ýüpek ýoly: Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky medeni-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi”,  “Ýokary tizlikli demir ýollaryny gurmak we dolandyrmak: hytaý ulgamyna syn”, “Hytaýdan Türkmenistana polat „Ýüpek ýoly”, “Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk”  ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Lançžou gepleşikleri türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biri bolar. Türkmen Lideri Merkezi Aziýany, Hazar we  Gara deňizleri hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň  binýadyny döretmek ugrunda çykyş edip, bu maksatlaryň hyzmatdaşlaryň—iri halkara guramalarynyň, şeýle hem aýry-aýry döwletleriň esasy wezipelerine laýyk gelýändigini nygtaýar.   

Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze ulag geçelgeleriniň açylmagy  sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürmegine kuwwatly itergi berer. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde  iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda demir ýollary we awtomobil köprülerini, Türkmenbaşy şäherinde döwrebap deňiz portuny gurmak boýunça möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu desgalar Demirgazyk—Günorta  we Gündogar—Günbatar  ugurlary boýunça ýurdumyzyň üstünden geçýän möhüm sebit we sebitara ulag ugurlarynyň döredilmegine ýardam edýär.  

Hytaý tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen we ähli ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän oňyn başlangyçlaryny öňe sürýär. Şeýle hem olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görýär. Şu gezekki türkmen-hytaý forumy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

XXI  asyryň ählumumy ulag strategiýasy—bu goşulyşmagyň, döwletleriň we sebitleriň geografiki hem-de düzümleýin mümkinçiliklerini, tehniki we tehnologiki kuwwatyny birleşdirmegiň strategiýasydyr. Geljek iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulgamlaryna çykmak arkaly ulag gatnawlary ulgamyny sazlaşdyrmak, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak bilen baglanyşykly diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Foruma gatnaşyjylar şu gün ara alnyp maslahatlaşylýan meselelere çemeleşmelerini beýan edip, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany ösüşiň häzirki zaman ählumumy prosesleriniň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmünde hasaplaýandyklaryndan ugur aldylar.

Hytaý tarapyndan duşuşyga gatnaşyjylar dürli ýurtlaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň sebit we halkara goşulyşmagynda, durnuklylygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde ulag-üstaşyr ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem serhetleri dolandyrmagy kämilleşdirmek we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly şertleriň möhüm orny bellenildi.

Halkara giňişliginde  ulag geçelgeleri boýunça harytlaryň netijeli daşalmagy we ýolagçylaryň gatnadylmagy dürli siwilizasiýalaryň arasyndaky  syýasy, täjirçilik, ylmy we medeni gatnaşyklarynda hemişe uly ähmiýete eýe bolupdy. Şeýlelikde, çykyş edenler gadymy Ýüpek ýoly boýunça söwdanyň amala aşyrylmagy Hytaý, Türkmenistan, Hindistan, Eýran, Arabystan, Ýewropa ýaly ýurtlaryň we sebitleriň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtadylar.

Forumyň barşynda  oňa gatnaşanlara ulag ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça beýan edilen ähli teklipler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik beren söhbetdeşlikler we tanyşdyryş çäreleri guraldy.

Foruma gatnaşanlar şu günki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny biragyzdan bellediler we şeýle çäreleriň türkmen-hytaý  hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, şol sanda sebitleýin ulag gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek işine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

***

Wekilçilikli forumyň öňüsyrasynda türkmen wekiliýetiniň Gansu welaýatynyň wise-gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti, şeýle hem Lançžou Ulag uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşygynyň barşynda ulag, söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlarda taslamalary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, sebit we ählumumy möçberde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, özara gatnaşyklaryň oňyn usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen döredijilik başlangyçlarynyň örän wajypdygyny nygtadylar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru